Hytaý soýanyň we doňuz etiniň ABŞ-dan satyn alynmasyny bes etmegi talap etdi

  • 01.06.2020 23:32
  • 4.9k+

HHR-iň hökümeti Halk wekilleriniň ählihytaý ýygnagy tarapyndan kabul edilen Gonkongda milli howpsuzlyk barada kanunyň işlenilmegi baradaky rezolýusiýa Waşingtonyň garaýşy sebäpli döwlet kompaniýalaryndan soýa noýbasyny we doňuz etini ABŞ-dan satyn almagy bes etmegi talap etdi. Bu barada Reuters agentligine salgylanmak bilen TACC habar berýär. Muny finance.rambler.ru ýetirýär.
Agentligiň çeşmeleri gadagan edilenleriň hataryna goşulan önümleriň sanawynyň ABŞ-nyň Pekin we Gonkong bilen bagly duýdurylan çärelerini amala aşyran wagtynda has hem giňejekdigini belläp geçýärler.
Habar berlişine görä, halk wekilleriniň Ähli hytaý ýygnagy tarapyndan Gonkongda milli howpsuzlyk barada kanuny işläp düzmek baradaky rezolýusiýa kabul edilenden soň, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Hytaýy senagat şpionažynda, Gonkonkyň özbaşdaklygyny bozmakda aýyplady, Gonkong üçin söwda ýeňillikleriniň ýatyryljakdygyny aýtdy. Amerikan lideri Gonkongyň özbaşdaklygyny çäklendirmäge gatnaşan HHR-iň resmi adamlary bilen baglylykda sanksiýalaryň giriziljekdigini duýdurdy. HHR-iň Daşary işler ministrliginde ABŞ-ny Gonkong boýunça syýasy manipulýasiýalary derrew bes etmäge çagyrdylar.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......