Ukrainanyň hökümeti awiaaragatnaşyklaryň dikeldiljek senesini aýtdy

  • 01.06.2020 22:50
  • 7.3k+

Ukrainanyň hökümeti awiaaragatnaşyklaryň dikeldiljek senesini atlandyrdy. Ilkinji uçarlar iýunyň ortasynda uçar diýlip çaklanylýar, gürrüň hem içerki gatnawlar, hem halkara gatnawlary barada gidýär. Bu barada ýurduň infrastruktura ministri Wladislaw Krikliý habar berdi, muny argumentiru.com ýetirýär. Ministriň aýtmagyna görä, Ukraina awiaaragatnaşyklary iki şert bilen açar. Birinji – ýurtlar hem garşylyklaýyn açylmaly, ikinji – epidemiologik ýagdaý.
Ilkinji nobatda iň meşhur syýahatçylyk ugurlary boýunça, ýagny Türkiýä, Gresiýa, Gruziýa we Kipre gatnawlar dikeldiler. Italiýa we Ispaniýa barada aýdylanda, bu ýurtlara uçuşy dikeltmegi biraz soňa goýmak kararyna gelindi, sebäbi epidemiologik ýagdaý ol ýerlerde heniz oňyn däl. Ugurlaryň anyk sanawyny şu hepdede belli etmek meýilleşdirilýär, uçuşlar 15-nji iýunda dikeldiler.
Krikliý häzirki wagtda syýahatçylara gonuşdan soň aeroportda koronawirus üçin täze ekspress-barlaglaryndan geçmäge rugsat bermek mümkinçiliginiň gözden geçirilýändigini habar berdi. Ol Ukrainanyň dynç alyş möwsüminde esasy içerki syýahatçylyk ugurlarynda içerki gatnawlara islegi kanagatlandyrmak üçin otlularyň sanyny artdyrmagy meýilleşdirýändigini hem belledi.
Türkiýede içerki gatnawlar şu günden dikeldiler, bu barada ýol-ulag ministri Adil Garaismailoglu habar berýär. Onuň aýtmagyna görä, aeroportda ýokary howpsuzlyk çäreleri girizilen, keselleme howpuny peseltmek üçin sosial aradaşlygy berjaý etmek göz öňünde tutulan. Serhetleri hem iýunyň ortasynda açmak meýilleşdirilýär.
Gresiýanyň hökümeti hem ýaňy-ýakynda ýurtda syýahatçylyk möwsümini 15-nji iýundan açmagyň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Syýahatçylary şu senede kabul etmäge Kipr hem taýýarlyk görýär.

25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......