Nissan kompaniýasy 11 ýylyň içinde ilkinji gezek ýyly ýitgi bilen jemledi

  • 01.06.2020 22:36
  • 3.7k+

11 ýylyň içinde ilkinji bolup arassa ýitgini 2019-njy maliýe ýylynda ýapon awtoägirdi Nissan Motor bellige aldyrdy, bu barada rossaprimavera.ru habar berýär.
Arassa ýitgi 670 mlrd ýenden gowrak boldy ($6,2 mlrd). Nissan kompaniýasy pes görkezijileri ABŞ-daky gowşak söwda we koronawirus pandemiýasynyň dünýä önümçiligine we satuwyna täsiri bilen baglanyşdyrýar.
Kompaniýanyň maglumatlary boýunça, 2019-njy maliýe ýylynda durnukly satuw geçen ýyl bilen deňeşdirilende 14% pese gaçdy we 9,88 trln ýene ($91,7 mlrd) barabar boldy. Kompaniýa 40,5 mlrd ýen ($375 mln) möçberde operasion ýitgini hasaba aldy. Nissan 603 mlrd ýen (5,6 mlrd) möçberinde ýörite ýitgileri, ýagny gurluş özgertmelerine çykdajylary hem bellige aldyrdy. Bu bolsa kompaniýanyň arassa ýitgisini 671,2 mlrd ýene çenli artdyrdy.
Awtoöndüriji 2023-nji maliýe ýylynyň ahyryna çenli özgertmeleriň dörtýyllyk meýilnamasyny yglan etdi. Firma Ýaponiýanyň, Hytaýyň we Demirgazyk Amerikanyň bazarlarynda ünsi jemlemekçi we özüniň önümçilik kuwwatlylygyny 20%, ýagny ýylda 5,4 mln sany awtomobile çenli kemeltmekçi bolýar.
Kompaniýanyň prezidenti we baş müdiri Utida Makoto onlaýn press-konferensiýada kompaniýanyň özgertmeler meýilnamasynyň satuwyň çendenaşa giňeldilmegine derek durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendigini aýtdy. Nissan Indoneziýadaky önümçilik bazasyny ýapmagy we Ispaniýadaky kärhanalary ýapmak barada gepleşikleri geçirmegi meýilleşdirýär. Girdejili biznese dolanmak boýunça çäre hökmünde awtoöndüriji geljek 18 aýda 12 sany täze modeli hödürlemekçi bolýar.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......