Forbes bir hepdäniň içinde kimiň has köp gazanandygyny anyklady

  • 31.05.2020 23:16
  • 4.3k+

Louis Vuitton Moët Hennessy kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Bernar Arno maý aýynyň 21-inden 28-i aralygynda bir hepdäniň içinde iň şowly milliarder boldy. Bu döwürde biznesmen 8,1 milliard dollar gazandy we öz baýlygyny ýene-de 100 milliard dollara çenli artdyrdy, bu barada Forbes neşirine salgylanmak bilen piter.tv habar berýär.
Bernar Arno – fransuz biznesmen-milliarderi, ol Louis Vuitton Moët Hennessy (LVMH) kompaniýasynyň CEO toparlarynyň prezidenti. 31-nji maý boýunça ekspertler onuň baýlygyny 101 milliard diýip bahalandyrýarlar.
Bir hepdäniň içinde has baýan adamlaryň üçlügine 4,9 milliard dollar gazanan Zara kompaniýasynyň eýesi Amansio Ortega we baýlygy 3,9 milliard dollar artan maýa goýujy Uorren Baffet hem girdi.
Iň şowly baýlaryň ilkinji onlugyna Fransua Pino (Kering), Franusaza Betankur-Maýers (L”Oreal), Tadasi Ýanai (Uniqlo), Takemisu Takidzaki (Keyence), Leonardo del Wekkio (Luxottica), Karlos Slim (Grupo Carso) we Horhe Paolo Lemann (3G Capital) hem girdi. Dünýäniň iň baý biznesmenleri bilelikde öz baýlygyny 33,6 mlrd artdyrdylar.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......