Apple dakylýan elektronikanyň bazarynda ýene-de lider boldy

  • 31.05.2020 23:05
  • 4.3k+

Bu IDC analitik kompaniýasynyň 2020-nji ýylyň birinji çärýegi üçin niýetlenen hasabatyndan gelip çykýar. Bu barada life.ru habar berýär. Bu kategoriýadan ýerlenen gurluşlaryň umumy sany 72,6 milliona deň. Olardan 21,2 milliony Apple kompaniýasynyň paýyna düşdi. Olaryň arasynda smart-sagatlary, şeýle-de simsiz nauşnikler bar. Şeýlelik bilen, Apple tutuş bazaryň 29,3%-ni eýeledi.
Eger-de umumy statistikadan Apple Watch sagatlaryny aýratynlandyrsak, onda şeýle görkeziji alynýar. Ýerlenen sagatlaryň sany – 4,5 mln. Bazar paýy – 26,8%.
Ikinji orunda Xiaomi hytaý kompaniýasy ýerleşdi. Ol 10,1 mln sany tehnikany ýerledi. Bu kompaniýa bazaryň 14%-i degişli. Samsung we Huawei kompaniýalary degişlilikde, 11,9% we 11,1% paý bilen üçünji hem-de dördünji orunlary eýelediler. Bäşlige Fitbit (2,2 mln) kompaniýasy hem girdi.
Dakylýan gurluşlaryň umumy üpjünçiligi 2020-nji ýylyň birinji çärýeginde ýyllyk hasabynda 29,7% ýokarlandy. Üpjünçiligiň iň ýokary ösüşini simsiz nauşnikler görkezdi, oňa dakylýan gurluşlaryň umumy bazarynyň 54,9%-i degişlidir. 2019-njy ýylyň birinji çärýegi bilen deňeşdirilende bu görnüşli gurluşlaryň üpjünçiligi 68,3% ýokarlandy.
Ýatladyp geçsek, “dakylýan elektronika” adalgasy bedeniňde aksessuar ýa-da egin-eşikde ulanylýan materialyň bir bölegi hökmünde dakyp bolýan elektron gurluşlar bilen berkidildi. Intellektual dakylýan gurluşlar simsiz tehnologiýanyň üsti bilen smartfona birikdirilýär, bu bolsa olara köp sanly “bulut” serwisleri bilen işleşmäge mümkinçilik berýär.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......