1-nji iýundan Türkiýe içerki howa gatnawyny dikeldýär

  • 31.05.2020 18:05
  • 8.9k+

Şu ýylyň 1-nji iýunyndan Türkiýe içerki howa gatnawlaryny dikeldýär. Awiagatnawlar 28-nji martda täze görnüşli koronawirus ýokanjynyň ýaýramak howpy sebäpli ýatyrylypdy, diýip Türkiýäniň ulag we infrastruktura ministri Adil Karaismailogly belledi. Bu barada türk habar beriş serişdelerine salgylanyp, Trend agentligi habar berýär.
Onuň aýtmagyna görä, içerki gatnawlar boýunça ilkinji uçuşlar Stambuldan Ankara, Izmire, Antaliýa we Trabzona amala aşyrylar. Beýleki howa menzillerinden uçuşlar tapgyrlaýyn esasda ýola goýlar.
«Ilkinji awiagatnaw ýerli wagt bilen 10:00-da Stambuldan Ankara amala aşyrylar» diýip ministr belledi.
Karaismailoglynyň nygtaýşy ýaly, ýurduň howa menzilleriniň ählisinde täze görnüşli koronawirus ýokanjynyň öňüni almak boýunça çäreler görüldi.
Howa menzilleriniň işi ýolagçylaryň we işgärleriň saglygyna howpy peseltmek nukdaýnazaryndan ýola goýuldy. Munuň üçin degişli şahadatnamalar berildi, diýip ministr belledi. Şeýle hem ministr ilata howa ulagyndan peýdalanmakdan çekinmezlige çagyrdy.

25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......