Gresiýa dynç alyş möwsümini we ýurduň ähli myhmanhanalaryny açar

  • 29.05.2020 23:04
  • 4k+

Gresiýada 1-nji iýundan sosial aradaşlyk düzgünlerini berjaý etmek bilen ýylboýy işleýän myhmanhanalar açylar, möwsümleýin myhmanhanalar bolsa şondan iki hepdeden soň açylar. Bu barada Gresiýanyň milli syýahatçylyk guramasynyň wekilhanasynda habar berdiler, muny rg.ru ýetirýär.
Wekilhanada 15-nji iýundan syýahatçylaryň ýerleşdirilýän obýektleriniň ähli görnüşiniň açylmalydygy hem bellenildi. Myhmanhanalara hökmany ýerine ýetirmeli bolan ýörite saglyk teswirnamalary berler. Şeýle-de, ähli myhmanhanada koronawirusy bar diýlip güman edilen adamlary barlamak boýunça iş alyp barýan nobatçy lukman bolar. Işgärler COVID-19-yň nähili geçýändigini bilmeli, şahsy gigiýenany berjaý etmeli we işe alýan adamyň döredip berýän indiwidual gorag gurşawynda bolmaly.
Mundan başga-da, hemişe işgärleriň we müşderileriň arasynda bir metrden az bolmadyk aradaşlyk berjaý edilmeli, bellige aldyrylýan ýerlerde nobat bolmaly däl. Myhmanhanalarda ýapyk basseýnleri ulanmak gadagan ediler. Umumy alanyňda, saglyk teswirnamalary nomerleri ýygnaşdyrma işiniň düzgünlerini, restoranlaryň we oteliň içindäki beýleki söwda nokatlarynyň işini gurnaýar.
Öň, Gresiýada 25-nji maýdan çäklendiriji çäreleri gowşatmagyň nobatdaky tapgyrynyň çäklerinde müşderilere hyzmat etmek üçin restoranlaryň, kafeleriň, barlaryň we jemgyýetçilik iýmitiniň beýleki kärhanalarynyň açylandygy habar berildi.
Pandemiýa döwründe ýurtda koronawirus bilen bagly 166 ölüm, 2858 sany keselli bellige alyndy. 10 million ilatly Gresiýa üçin bu görkeziji Ortaýer deňziniň beýleki ýurtlaryna we umumy Ýewrobirleşige garanda gowudyr.
Gresiýa geljekki syýahatçylyk möwsümi barada Ýewropa ýurtlarynyň birnäçesi bilen gepleşikleri geçirýär we onuň netijesinde diňe bir Gresiýa dynç almaga gelmän, eýsem, grekleriň hem ÝB-niň beýleki ýurtlaryna päsgelçiliksiz gidip bilmegini gazanmakçy bolýar.

25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......