Boeing kompaniýasy 737 Max uçarlarynyň önümçiligini dikeltdi

  • 29.05.2020 22:40
  • 3k+

Boeing kompaniýasy laýnerleriň gatnaşmagynda bolup geçen iki heläkçilik sebäpli togtamadan bäş aý geçensoň Waşington ştatynda Rentonedäki kärhanada 737 Max hatarynyň uçarlarynyň önümçiligini dikeltdi. Bu barada korporasiýanyň press-hyzmatynda habar berdiler, muny rtvi.com ýetirýär.
“Biziň kärhanada kabul eden çärelerimiz öňde goýan maksadymyza, biziň müşderilerimiz üçin ýüz göterim hile ýetmäge kömek eder. Şunuň bilen biz iş ýerlerinde howpsuzlygy üpjün etmek işini goldaýarys” – diýip, Boeing 737 önümçiliginiň wise-prezidenti Skott Stoker belleýär.
Başlangyç tapgyrda täze uçarlary döretmek depgini pes bolar, ýöne wagtyň geçmegi bilen ol güýçlendiriler. Bu kompaniýanyň işgärleriň howpsuzlygyny we hiliň saklanylmagyna gönükdirilen ondan gowrak meýilnamany girizendigi bilen baglydyr.
Boeing 737 Max uçarlarynyň önümçiligini 2020-nji ýylyň ýanwarynda togtatdy. 2019-njy ýylyň martynda Ýewrobirleşikden, Russiýadan we ABŞ-dan başlap, ýurtlaryň onlarçasy bu uçarlarda uçuşy gadagan etdiler. Şeýle ýagdaý 737 Max uçarlary bilen bolan iki heläkçilikden soň ýüze çykdy: 2018-nji ýylyň oktýabrynda Indoneziýada uçar heläkçilige uçrady, şonda 189 adam ýogaldy. 2019-njy ýylyň martynda bolsa laýner Efiopiýada heläkçilige uçraýar, 157 adam ýogalýar.
Kompaniýanyň özünde bu heläkçiligiň sebäbi MCAS (Maneuvering Characteristics Augmentation System) sistemasynyň işlemän galmagy bilen  bagly diýip aýtdylar, bu sistema uçaryň howadaky ýagdaýyny awtomatik gurnaýar. 
Geçen ýylyň martynda Boeing MCAS sistemasynyň programma üpjünçiliginiň täzelenendigini habar berdi, ol “ýüzlerçe sagat analizden, barlaghana synaglaryndan, türgenleşik barlaglaryndan we iki gezek synag uçuşyndan geçdi”.
2020-nji ýylyň aprelinde Bloomberg we Reuters agentliklerinde Boeing 737 Max uçarlarynyň programma üpjünçiliginde sistema bilen bagly bolmadyk başga-da näsazlyklaryň tapylandygyny habar berdiler, ýagny gürrüň uçarmana uçaryň burnuny ýokary galdyrmaga we aşak düşürmäge, şeýle-de sazlaýja kömek edýän sistemanyň ýalňyşlygy barada gitdi. Şol bir wagtda kompaniýada tapylan ýalňyşlyklaryň uçary 2020-nji ýylda ulanylyşa dolamaga päsgel bermeýändigini aýtdylar.
Ýanwar aýynyň ahyrynda uçarmanlar Boeing-iň howpsuzlyk kadalaryna ynamyň “rekord derejede pese gaçandygyny” bellediler. 737 Max bilen bagly meseleler sebäpli awiakompaniýa 1997-nji ýyldan bäri ilkinji gezek rekord derejede $636 mln ýitirdi.

düýn 23:23
438

Warner Bros. Discovery $2,92 mlrd ýitgi çekdi

Warner Bros. Discovery (WBD) kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi boýunça 2,92 milliard dollar möçberinde ýitgi çekendigi barada hasabat berdi. Ýitgileriň esasy bölegi Netflix bilen şertnamany ýatyrmak......

düýn 18:18
640

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......

10.05.2026 19:42
1.5k+

LEGO «Harri Potteriň» 25 ýyllygyna sekiz sany täze toplum çykarar

LEGO kompaniýasy «Harri Potter» franşizasy boýunça seriýanyň 25 ýyllygyna bagyşlanan sekiz sany täze toplumyň çykaryljakdygyny yglan etdi. Ilkinji bäş toplum 1-nji iýunda, galan üçüsi bolsa 1-nji awgustda......

10.05.2026 18:57
9.8k+

Gazagystanly milliarder baýlygynyň ýarysyny haýyr-sahawata berýär

2026-njy ýylyň aprelinde gazagystanly telekeçi, BI Group kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri Aýdyn Rahimbaýew we onuň aýaly Anar resmi taýdan «The Giving Pledge» halkara başlangyjyna goşuldylar. Bu başlangyç......