«Turkish Airlines» Türkmenistana howa gatnawyny dikeltjek senesini mälim etdi

  • 28.05.2020 23:03
  • 28k+

Türkiýe 1-nji sentýabra çenli GDA döwletleri bilen awiagatnawlaryny dikeltmegi meýilleşdirýär, diýip Turizm Guncel agentligine salgylanyp, Orient habar berýär.
Bu sanawa 71 döwlet girýär. Bu döwletleriň her biriniň territoriýasyndaky koronawirus bilen bagly ýagdaýy nazara alyp, Ankara şol ýurtlara howa gatnawlarynyň dikeldiljek senesini kesgitledi.
Ankara Türkmenistan bilen howa gatnawlaryny şu ýylyň 1-nji iýulynda dikeltmegi meýilleşdirýär. Mälim bolşy ýaly, koronawirus ýokanjy bilen keselleme ýagdaýy Türkmenistanyň çäginde hiç hili hasaba alynmady. Türkmenistan koronawirus ýokanjynyň ýurdumyza getirilmeginiň öňüni alyş çäresi hökmünde 20-nji iýuna çenli halkara howa gatnawlaryna gadaganlyk girizdi.
Garaşylyşy ýaly, türk uçarlary GDA döwletlerinden ilkinji bolup Azerbaýjana uçup başlar — 15-nji iýun. Soňra Gazagystan — 20-nji iýun, Gyrgyzystan — 22-nji iýun, Belarus, Moldawiýa we Özbegistan – 1-nji iýul, Russiýa – 15-nji iýul we Ermenistan – 1-nji awgust.
Howa gatnawlaryny dikeltmegi meýilleşdirýän ýurtlarynyň sanawynda iň soňky ýerde ABŞ durýar. Türkiýe bu gatnawlary 1-nji sentýabrda dikeltmegi meýilleşdirýär.

25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......