Şweýsar sagatlarynyň eksporty aprel aýynda rekord derejede 81% pese gaçdy

  • 28.05.2020 18:35
  • 4.3k+

Şweýsariýada sagatlaryň önümçiliginiň we satuwynyň koronawirus pandemiýasy şertlerinde saklanylmagy bilen olaryň eksporty 2020-nji ýylyň aprel aýynda geçen ýylyň şu aýy bilen deňeşdirilende rekord depgini bilen 81% pese gaçdy. Bu barada Interfax habar berýär. Aprel aýynda eksport 300 müň sagada barabar boldy, bu bolsa 78,6% pese gaçyşlykdyr. Esasan, polat hem altyndan edilen sagatlaryň üpjünçiligi kemeldi (90,3%), polatdan edilen sagatlaryň üpjünçiliginiň peselmegi beýlekilere garanda pes (77,8%).
Eksportuň göwrümi 328,8 mln şweýsar frankyna çenli ($340 mln) kemeldi, muny Şweýsar sagat senagaty federasiýasynyň maglumatlary hem delillendirýär. Paýyna eksportuň esasy bölegi düşýän el sagatlarynyň daşary ýurtlara ýola iberilmegi 82%, ýagny 299,3 mln franka çenli pese gaçdy. Şweýsar sagatlarynyň Gonkonga eksporty 83%, ABŞ-a – 86%, Günorta Koreýa – 68%, Ýaponiýa – 86%, Germaniýa – 82% pese gaçdy. 
“Hytaý bazary aprel aýynda esasy trendden çykdy. HHR-e ýola goýma mart aýyndaky 10,5% ösüşden soň bary-ýogy 16,1% peseldi, bu bolsa bazaryň dikelip başlandygyny görkezýär. Hytaýyň paýyna aprel aýynda eksportuň üçden bir bölegi düşdi” – diýlip, Şweýsar sagat senagaty federasiýasynyň press-relizinde aýdylýar.
Beýleki bazarlarda düýpli pese gaçyş islegiň ýokdugyny däl-de, ýagdaýyň düýbünden başgadygyny görkezýär diýlip, habarnamada bellenilýär.
Citi ekspertleri ýagdaý şu ýylyň ikinji ýarymynda doly derejede gowulanmaz diýip hasaplaýarlar. “Şweýsar sagat pudagy heniz hem çözülmesi hökmany bolan artyk öndürmeklik, innowasiýany ornaşdyrmakda haýal depginler we önümiň hataryny täzelemek ýaly düzüm meseleleri bilen çaknyşýar” – diýip, Dow Jones agentligi Citi analitikleriniň sözüni getirýär.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......