Syýahatçylar Ýaponiýada bolan her güni üçin $185 alyp bilerler

  • 28.05.2020 18:28
  • 6.5k+

Ýaponiýanyň hökümeti syýahatçylar üçin gününe $185 pul möçberinde wauçerleriň (döwlet gymmat kagyzlarynyň) meýilnamasyny işläp düzdi, şeýle etmek bilen ýurda daşary ýurtly syýahatçylary çekmek göz öňünde tutulýar. Bu barada Kyodo News agentligine salgylanmak bilen tourism.interfax.ru habar berýär.
“Ýaponiýanyň hökümeti pandemiýa zerarly zyýan çeken, ykdysadyýet üçin möhüm bolan syýahatçylyk senagatynyň dikeldilmegine bil baglaýar. “Go To Travel” atly meýilnamanyň çäklerinde Ýaponiýa gidýän syýahatçylara gününe 20 000 ýene çenli ($185) pul kömeginiň berilmegine başlanylyp bilner” – diýlip, habarda aýdylýar.
Meýilnamany durmuşa geçirmek üçin 1,35 trln ýen ($12,5 mlrd) bölünip aýryldy. Kyodo News agentliginiň habar bermegine görä, pul kömegi syýahatçylaryň Ýaponiýada bolýan wagtynda olaryň çykdajylarynyň ýarysyny ýapyp biler. Syýahatçylara berilýän wauçerleri golaýdaky dükanlarda we restoranlarda hem ulanmak bolýar. Ýöne syýahatçylaryň ýol çykdajylaryny tölemek göz öňünde tutulmaýar.
“Bu meýilnamanyň iýulyň ahyrynda hereket edip başlamagyna garaşylýar. Pul kömegini almak üçin göni ýa-da Ýaponiýanyň syýahatçylyk agentiniň kömegi bilen myhmanhanany bronlamaly (muňa adaty myhmanhanalar hem degişli)” – diýip, Kyodo News habar berýär.
COVID-19  pandemiýasy Ýaponiýanyň syýahatçylyk senagatyna düýpli täsir etdi. Koronawirus sebäpli 100-den gowrak ýurtlardan we sebitlerden raýatlaryň ýurda girmegi gadagan edildi. Şunuň bilen birlikde 2020-nji ýylda syýahatçylyk akymynyň ösmegine sebäp tapylmady, çünki Tokiodaky Olimpiada soňa goýuldy. 
“Duşenbe güni Ýaponiýanyň premýer ministri Sindzo Abe Tokiodaky we onuň töweregindäki, şeýle-de Hokkaýdo adasyndaky “adatdan daşary ýagdaýy” ýatyrdy. Ýurduň beýleki ýerlerinde bu ýagdaý aprel aýynyň başynda aýrylypdy. Ýaponiýa kadaly ýaşaýşa dolanmaga başlady” – diýip, agentlik belleýär.

25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......