Boeing 2,5 müň işgäri tölegsiz rugsada iberer

  • 27.05.2020 23:20
  • 4.9k+

Boeing amerikan awiagurluşyk korporasiýasy işgärleri azaltmagyň birinji tapgyrynyň çäklerinde 2,5 müň töweregi işgäri meýletin tölegsiz rugsada iberer, çünki koronawirus pandemiýasy dünýä awiaýükdaşama işlerine uly zyýan ýetirdi. Bu barada The Wall Street Journal neşirine salgylanmak bilen vesti.ru habar berýär.
Geçen aýda kompaniýa 160 müň işgäri göz öňünde tutýan ştaty, şu ýylda laýnerleriň önümçiliginiň peselmegi bilen, takmynan, 10% azaltmagy meýilleşdirýändigini habar berdi. Professional birleşigiň wekilleriniň aýtmagyna görä, birinji tapgyr Boeing kompaniýasynyň Sietledäki Commercial Airplanes bölümine gönükdiriler, bu barada 29-njy maýda belli bolar. Bu kompaniýa üçin onuň çykdajylary azaltmak meýilnamasynyň çäklerinde 1,5 müň töweregi işgäri işden çykaran wagtyndan, ýagny 2017-nji ýyldan bäri işgärleriň iň uly azaldylmasy bolar.
Kompaniýanyň özüniň çalt ösýän serwis bölümçesinde hem iş orunlaryny azaltmagyna garaşylýar, sebäbi awiakompaniýa uçarlar üçin gerekli şaýlara çykdajylary özüniň merkezi korporatiw ofislerinde hem kemeldýär. Boeing kompaniýasynyň ýewropa bäsdeşi Airbus SE hem çykdajylary peseltmek boýunça işleriň çäklerinde iş orunlaryny azaltmagy meýilleşdirýär.
Uçarlary öndürijileriň ikisi üçinem hereketlendirijileri we beýleki şaýlary çykarýan General Electric Co. kompaniýasy hem müňlerçe iş orunlaryny azaldýar.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......