TikTok programmanyň içindäki söwda boýunça YouTube we Netflix-den öňe geçdi

  • 26.05.2020 22:51
  • 3.7k+

TikTok programmanyň içindäki söwdanyň girdejisi boýunça YouTube we Netflix programmalaryndan öňe geçdi. Bu söwdada TikTok we onuň hytaý görnüşi Douyin aprel aýynda $78 mln gazandy. Bu YouTube, Netflix we Tinder programmalaryna garanda köpdür diýip, Forbes neşirine salgylanmak bilen vedomosti.ru habar berýär.
Maglumatlar boýunça, 2019-njy ýylyň aprel aýy bilen deňeşdirilende hytaý ByteDance kompaniýasy tarapyndan işlenilip düzülen TikTok we Douyin programmasynyň girdejisi 10 esse ýokarlandy. Girdejiniň 86,6%-ini hytaý bazary, 8,2%-ini ABŞ-nyň bazary düzdi. Bu programmalaryň ikisinde-de halan awtorlaryňy goldamaklyga sarp edip bolýan içki walýutanyň söwda ulgamy bar. TikTok hem, Douyin hem programmanyň içindäki söwda boýunça Google Play-iň onlugyna girmedi, ýöne App Store programmalarynyň arasynda birinji orny eýelediler. Umumy reýtingiň ikinji ornunda YouTube ýerleşdi, onuň girdejisi tas $76 milliona barabar boldy. Ol 2019-njy ýylyň aprel aýy bilen deňeşdirilende 57% ýokarlandy. Programmanyň içindäki söwdadan gelen girdejisiniň esasy bölegini ABŞ (56,4%) düzdi, ikini orunda Ýaponiýa (11%). Bäşlige Tinder, Disney+ we Tencent Video wideoserwisi hem girdi.
Bloomberg Emarketer derňew geçiriji kompaniýanyň maglumatlaryny getirýär: onuň çaklamasy boýunça, ABŞ-da 14 ýaşly we ondan ýokary ýaşly sosial torlardan 75 mln peýdalanyjy programmanyň içinde iň bolmanda bir gezek söwda edýär – ösüş 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 17,3%. 20-nji maýda ByteDance kompaniýasynyň bazar bahasy $100 mlrd-dan geçdi. Kompaniýanyň ilkinji programmasy Toutiao boldy, 2016-njy ýylda TikTok programmasy işe girizildi.
Kompaniýanyň öz hasaplamasy boýunça, dünýäde TikTok programmasyny ulanyjylaryň sany 700 milliondan geçýär, olaryň 40% töweregi 18 ýaşly. 
Aprel aýynyň başynda ByteDance kompaniýasy koronawirusa garşy göreşe kömek üçin lukmançylyk we jemgyýetçilik guramalaryna $350 mln sarp etjekdigini habar berdi.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......