Türkiýede syýahatçylaryň sany 2020-nji ýylyň aprelinde tas nola çenli pese gaçdy

  • 24.05.2020 23:26
  • 4.8k+

2020-nji ýylyň aprelinde Türkiýä baran daşary ýurt syýahatçylarynyň sany 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 99,26% pese gaçdy diýlip, Türkiýäniň medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň habarnamasynda aýdylýar. Bu barada rossaprimavera.ru habar berýär.
Türkiýä gelen syýahatçylaryň umumy sany aprel aýynda 24 238 adama barabar boldy, bu bolsa 2019-njy ýylyň aprel aýyndaky 3 293 176 adama garşy gelýär. Eger-de ýyllyk hasabynda hasaplasak, onda Türkiýä gelýän daşary ýurt syýahatçylarynyň sany şu ýylyň ýanwar aýyndan aprel aýyna çenli 51% pese gaçdy, ýurt 2020-nji ýylyň ilkinji dört aýynda geçen ýylyň degişli döwründäki 8,7 mln adam bilen deňeşdirilende, jemi tas 4,3 mln daşary ýurt syýahatçylaryny kabul etdi.
2020-nji ýylyň aprelinde syýahatçylar, esasan, Bolgariýadan (6 240 adam), Ukrainadan ( 1 846 adam) we Gruziýadan (1 760 adam) geldi diýlip, ministrligiň habarnamasynda bellenilýär.
2020-nji ýylyň ilkinji aýlarynda Russiýadan Türkiýä jemi 317 088 adam bardy. 2019-njy ýylda Türkiýe Russiýa Federasiýasyndan 710 müň adamy kabul etdi.
Ýatladyp geçsek, 2020-nji ýylyň 16-njy martynda Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýip Ärdogan koronawirus infeksiýasynyň ýaýrawyna garşy göreşmek üçin ýurtda karantin çärelerini girizdi. Türkiýe 27-nji martdan halkara awiagatnawlaryny saklady, içki gatnawlar 1-nji maýdan ýatyryldy. Ýöne soňky günlerde ýurt syýahatçylygy ýuwaş-ýuwaşdan dikeltmek boýunça işjeň hereket edýär.
Türkiýäniň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý içki syýahatçylygy 28-nji maýdan dikeltmegiň meýilleşdirilýändigini habar berdi, halkara syýahatçylyk bolsa COVID-19 keseli gowşamagyny dowam etdirse, iýun aýynyň ortalarynda işe giriziler. Ministriň anyklaşdyrmasyna görä, ilkinji nobatda Türkiýe Aziýa ýurtlaryndan syýahatçylar bilen halkara gatnawlara rugsat bermegi meýilleşdirýär. Ýagny, gürrüň Hytaýyň we Günorta Koreýanyň syýahatçylary barada gidýär. Soňra ýewropa ýurtlarynyň syýahatçylaryna rugsat bermek göz öňünde tutulýar.

25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......