Portugaliýa syýahatçylary kabul etmäge taýýardygyny habar berdi

  • 23.05.2020 23:13
  • 2.8k+

Portugaliýa syýahatçylary kabul etmäge taýýar. Bu barada Portugaliýanyň daşary işler ministri habar berdi, muny regnum.ru belläp geçýär.
Portugaliýa hökümetiniň ýolbaşçysy “Observador” neşirine beren interwýusynda ýurdunyň “uly buýsanç bilen syýahatçylary kabul etjekdigini” aýtdy. Ýöne uçarda gelýänler “kiçiräk lukmançylyk gözegçiliginden” geçmeli bolar.  Ol Portugaliýa gelýän syýahatçylaryň doly derejeli iki hepdelik karantini geçmejekdiklerini, ýöne Portugaliýanyň doly ygtyýarly organlarynyň geçirjek kiçiräk lukmançylyk gözegçiliginden hökman geçmeli boljakdyklaryny belledi.
“Portugaliýada saglygy goraýyş ulgamynyň işi ýola goýuldy, bu bolsa adamlary kabul etmek üçin örän möhümdir” – diýip, ministr belleýär.
Şeýle-de, ol jemgyýetçilik ýerlerine, muzeýlere, kenarýakalara, myhmanhanalara, restoranlara barmagyň degişli düzgünleriniň eýýäm neşir edilendigini ýatlatdy. Bu düzgün adamlaryň goraglylygyny kepillendirýär.
18-nji maýdan Portugaliýa karantin çäreleriniň gowşadylyşynyň ikinji tapgyryna geçdi, bu tapgyr restoranlaryň, barlaryň, kafeleriň, eýwanlaryň, muzeýleriň, 44 kwadrat metre çenli meýdanly uly bolmadyk dükanlaryň açylyşyny göz öňünde tutýar, bularyň ählisi gelýän adamlaryň çäkli sanyny saklamak we sosial aradaşlygy berjaý etmek bilen açylýar. Şeýle-de, howpsuzlygyň sanitar çärelerini we maskany dakmaklygy berjaý etmek bilen çagalar baglarynyň we mekdepleriň işi hem dikeldildi.

25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......