Beýik Britaniýada ýurda gelýänleriň ählisi üçin karantin giriziler

  • 23.05.2020 05:56
  • 3k+

Beýik Britaniýa COVID-19 koronawirus keseliniň ýaýramagyna garşy göreşmegiň çäklerinde 8-nji iýundan ýurda gelýänleriň ählisini 14 gün üzňelikde saklamaly eder. Bu barada Sky News telekanaly Birleşen Şalygyň Içeri işler ministri Priti Patele salgylanmak bilen habar berýär, muny russian.rt.com ýetirýär.
“Täze düzgünler 8-nji iýundan güýje girer we Birleşen Şalyga gelýänleriň ählisi seýrek kadadan çykma bilen 14 gün üzňelikde saklanmaly bolarlar” – diýip, ministr belleýär.
Ol karantiniň bozulandygy üçin jerimäň £1 müňe barabar boljakdygyny belleýär. Britaniýanyň serhedinden geçilenden soň, gelýän adamlar öz aragatnaşyk maglumatlaryny häkimiýetlere habar bermeli bolarlar. Karantiniň berjaý edilýändigine gözegçilik etmek üçin ýörite barlaglar geçiriler. 
Patel şeýle çäreleriň koronawirusyň ikinji “tolkunynyň” ýüze çykmazlygy üçin alnyp barylýandygyny anyklaşdyrdy. 
Eger-de daşary ýurt myhmanynyň ýaşaýan ýeri bellenilen tabşyryklara gabat gelmese, onda ol hökümet tarapyndan gurnalan myhmanhana jaýlarynda üzňelikde saklanylar. Gelen adamlara Britaniýada jemgyýetçilik ulagyndan diňe karantin gutaranda ulanmak rugsat beriler, şoňa çenli ol hereket etmegiň diňe indiwidual serişdesini ulanmaly bolar.
Ýöne COVID-19 bilen göreşde kärdeşlerine kömek etmäge Irlandiýadan gelýän lukmanlar, ýük daşama gurşawynda işleýänler, şeýle-de daşary ýurtlaryň resmi adamlary karantini geçmezler.
Öň, britan premýeri Boris Jonson Beýik Britaniýanyň COVID-19 koronawirus keseli bilen kesellemekligiň ýokary derejesini başdan geçirendigini habar berdi.

25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......