Madridde we Barselonada çäklendiriji çäreleri 25-nji maýdan gowşadarlar

  • 23.05.2020 05:50
  • 2.4k+

Ispaniýanyň hökümeti Madrid we Barselona üçin COVID-19 pandemiýasy sebäpli girizilen çäklendiriji çäreleri 25-nji maýdan gowşadar, bu barada ýurduň saglygy goraýyş ministrliginde habar berildi, muny vestikavkaza.ru belläp geçýär. 
“Birinji tapgyra Kastiliýa we Leon awtonom bileleşiginiň ählisi, Barselona şäheri we Madridiň ähli awtonom bileleşigi geçýär” – diýip, ministr belleýär. 
Duşenbe gününden başlap bu şäherleriň ýaşaýjylaryna 10 adama çenli topar bolup ýygnanyşmaga, buthanalara, kitaphanalara, muzeýlere, konsert zallaryna we medeniýet merkezlerine barmaga rugsat beriler. Barlaryň we restoranlaryň tomusky eýwanlary öz işlerine gelýän adamlaryň çäklije sany bilen başlarlar. 
Infeksiýa ýaýrap başlanyndan bäri Ispaniýada 233 müň keselli ýüze çykaryldy, 27 940 adam ýogaldy. Ispaniýada täze görnüşli koronawirusyň ýaýrama depgininiň ýuwaş-ýuwaşdan peselýändigi üçin, hökümet çäklendirmeleri hem tapgyrlaýyn gowşadýar. 18-nji maýdan ýurduň ilatynyň köp bölegi çäreleri gowşatmagyň täze tapgyryna geçdi. Ýöne Madride we Barselona şäherlerine bu rugsat edilmedi. Madridiň häkimiýeti eýýäm üç gezek çäreleri gowşatmagyň birinji tapgyryna geçmek üçin rugsat sorady. Şu hepdede awtonom bileleşigiň hökümeti Ispaniýanyň saglygy goraýyş Ministrligine garşy Ýokary kazyýete şikaýat etjekdigini habar berdi. 
Şunuň bilen birlikde, ministriň aýtmagyna görä, welaýatlaryň hem birnäçesi 25-nji maýdan pandemiýa sebäpli girizilen çäreleri gowşadylyşyň dört tapgyrynyň üçünjisine geçip bilýär.

25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......