Ispaniýa syýahatçylyk möwsümini iýunyň ahyrynda işe girizmegi meýilleşdirýär

  • 20.05.2020 23:06
  • 1.9k+

Ispaniýanyň ulag-aragatnaşyk ministri Hose Luis Abalos ýurtda syýahatçylyk möwsümini iýunyň ahyryna çenli dikeltmegiň meýilleşdirilýändigini habar berdi, muny m24.ru ýetirýär.
“Men iýunyň ahyryndan biz syýahatçylyk işine başlarys diýip umyt edýärin” – diýip, edaranyň ýolbaşçysy aýdýar. Onuň aýtmagyna görä, bu ýurdy “saglyk üçin howpsuz nukdaýnazaryndan” has özüne çekiji etmekde gerek.
Mundan başga-da, şu aýda ispan hökümeti koronawirusyň ýaýramak howpy bilen bagly çäklendirmeleri ýuwaş-ýuwaşdan aýyrar. Döwletiň territoriýasynda 15-nji maýdan 24-nji maý aralygynda gelýän ähli daşary ýurt raýatlary üçin hökmany iki hepdelik karantin girizilipdi. Abalos iýunda ýurduň territoriýasyna gelýänleriň geçmeli bolan iki hepdelik karantinini hem ýatyrmagyň meýilleşdirilýändigini belledi.
Öň, Ispaniýada koronawirusdan ýogalanlaryň 3,2 müňden gowrak garyndaşlarynyň bähbitleri ugrunda çykyş edýän aklawjylar topary Ýokary kazyýete arza berdiler. Olar hökümet agzalaryny COVID-19 bilen göreşde wagtynda girizilmedik çärelerde aýypladylar.
12-nji maýda Gresiýanyň hökümeti syýahatçylyk möwsümini açmagyň şertlerini agzady we ony işe girizmegiň meýilnamasyny hödürledi. Ýurda gelýän ähli syýahatçylar uçara münmezinden ozal koronawirusyň ýokdugyna şaýatlyk edýän we uçuşdan öň 72 sagatdan giç edilmedik lukmançylyk kepilnamasyny görkezmeli.
Öň, italiýanyň hökümeti hem ýurdy syýahatçylar üçin iýunda açyp başlamagy meýilleşdirýändigini habar berdi. Epidemiologik ýagdaýy oňaýly bolanda 3-nji iýundan ÝB-niň we Şengen ylalaşygynyň ýurtlarynyň içindäki gatnawlar mümkin bolar. Iki hepdelik karantin ýurda gelýänler üçin ýatyrylar.

25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......