Analitikler dünýäde ilkinji mümkin bolaýjak trillioneri atlandyrdylar

  • 16.05.2020 23:51
  • 12k+

Kiçi biznes üçin maslahatlar serwisiniň analitikleri dünýäde ilkinji dollarly trillioner Amazon kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezos bolar diýip hasaplaýarlar. Bu barada Comparisun serwisine salgylanmak bilen gazeta.ru habar berýär.
Hünärmenleriň hasaplamasy boýunça, Bezosyň baýlygy 2026-njy ýylda, ýagny biznesmeniň 62 ýaşy dolanda bir trillion dollara ýeter. Bloomberg agentliginiň maglumatlaryna laýyklykda, häzirki wagtda Bezosyň emlägi $144 milliarda barabar. Biznesmeniň girdejisiniň birden ösmegini ýakyn wagtda koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda onlaýn-söwda bolan islegiň ýokarlanmagy üpjün edip biler diýip, hünärmenler hasaplaýarlar.
Bellenilip geçilişi ýaly, Amazon kompaniýasynyň paýnamalarynyň bahasy eýýäm ýokarlandy. Şu ýylda Bezos özüniň baýlygyny $29,4 mlrd artdyrdy.
Dünýäde ikinji dollarly trillioner hytaý deweloperi Sýuý Szýainiň bolmagy mümkin. Analitikleriň hasaplamasy boýunça, bu waka 2027-nji ýylda, ýagny ol 68 ýaşanda bolar. Üçünji orun bolsa baýlygy 2030-njy ýylda, 65 ýaşy dolanda trillion dollara ýetip biljek Alibaba Group kompaniýasyny esaslandyryjy Jek Ma degişli bolar diýip belleýärler.
Trilliona ýetmek ugrunda dyrjaşýan milliarderleriň onlugyna Facebook kompaniýasyny esaslandyryjy Mark Sukerberg (2036-njy ýyl) we Google kompaniýasyny esaslandyryjylar Larri Peýj bilen Sergeý Brin (2051-nji ýyl) hem girdi.
Bezosyň baýlygynyň köp bölegini onuň öz hususyýetçiliginde bolan Amazon paýnamalary düzýär. Eger-de milliarderiň ähli baýlygyny wagt taýdan bölüşdirsek, onda onuň minutda $149 müň töweregi ýa-da sekuntda $2,4 müň gazanýandygyny görmek bolýar. Amazon kompaniýasyny esaslandyryjynyň şahsy emlägi Beýik Britaniýanyň ähli patyşa maşgalasynyň baýlygyndan 36% ýokary geçýär. Ýöne ol özüniň bütin ömründe haýyr-sahawata $20 mlrd-dan az sarp etdi. Bill Geýts bolsa haýyr işler üçin $50 mlrd, Mark Sukerberg $45 mlrd, Uorren Baffet $30 mlrd sarp etdi.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......