ABŞ $55 mln-a 10 mln maskany ýola goýmak boýunça şertnamany ýatyrdy

  • 15.05.2020 22:56
  • 5.9k+

Adatdan daşary ýagdaý boýunça ABŞ-nyň federal agentligi (FEMA) amerikan kompaniýasy Panthera Worldwide bilen $55,5 mln dollara 10 mln N95 medisina respirator maskalaryny ýola goýmak boýunça şertnamany bozdy. “The Wall Street Journal” neşiriniň habar bermegine görä, kompaniýa iki gezek möhletiň uzaldylandygyna garamazdan, şertnamanyň talabyny bellenilen möhletde ýerine ýetirmedi, bu barada TACC habar berýär.
Gazetiň maglumatlary boýunça, Panthera Worldwide ilkibaşda sargydy 1-nji maýa çenli ýerine ýetirmegi boýun aldy. Soň möhlet 11-nji maýa çenli süýşürildi. Agentlikde 12-nji maýda “ýola goýluşygyň ýokdugy esasynda” şertnamany bozmak kararyna gelnendigi habar edildi. FEMA möhleti ýene-de dört gün uzaltmakdan boýun gaçyrdy.
Gazetiň anyklamagyna görä, Günbatar Wirjiniýada ýerleşýän bu kompaniýanyň iki sany eýesi 2018-nji ýylda salgytlardan boýun gaçyrmakda aýyplandylar. Panthera kompaniýasynyň obýektleri goramak endiklerini öwrenmek bilen meşgullanýan bölünip aýrylan kärhanasy bar, bu kärhana geçen ýyl batdy. Bu ýagdaý kompaniýa FEMA-nyň ABŞ-nyň federal hökümeti bilen ýeke-täk şertnama boýunça $50 müň alan hususy gurama hökmünde sanawyna girmegine päsgel bermedi
 “The Wall Street Journal” neşiri geçen aý ABŞ-nyň federal hökümetiniň $110 mln-dan ýokary jemi pula maskalary ýola goýmak üçin ygtybarly däl kompaniýalary saýlap alandygyny habar berdi.
Federal we ýerli hökümetleriň maglumatlary esasynda hasap çykarýan Jons Hopkinsiň Uniwersitetiniň maglumatlary boýunça, ABŞ-da koronawirus bilen 1,36 mln keselleme ýagdaýy hasaba alyndy, 82 356 adam ýogaldy.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......