Türkiýäniň aeroportlarynda koronawirus üçin hökmany barlaglar giriziler

  • 15.05.2020 22:40
  • 4.2k+

Türkiýe epidemiýa gutarandan soň, syýahatçylar üçin çäklendirmeleri girizer. Syýahatçylardan hiç biri koronawirusyň ýoklugy baradaky kepilnamasyz ýurda girip bilmezler diýlip, rusplt.ru saýtynda bellenilip geçilýär.
Bu barada medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý mälim edýär. Onuň aýtmagyna görä, daşary ýurtlardan gelýän ýerli ýaşaýjylar we daşary ýurtlular aeroportda koronawirus üçin hökmany barlagdan geçmeli. Iýundan başlap saglygy goraýyş ministrligi Türkiýäniň esasy howa duralgalarynda ýörite barlaghanalary gurnar. Barlag pasport gözegçiliginden geçilýänçä ýerine ýetiriler we ol bary-ýogy 2-3 minut alar.
Netije 5-6 sagat geçenden soň belli bolar. Eger-de ol položitel bolsa, syýahatçylary olaryň gatnaşan adamlary bilen birlikde myhmanhanada üzňelikde saklarlar.
Ýatladyp geçsek, Türkiýe 2020-nji ýylyň maýynda myhmanhanalary şahadatnamalaşdyrmak işine başlamagy meýilleşdirýär. “Halkara şahadatnamalaşdyryş guramalary tarapyndan berilýän şahadatnama awiakompaniýalarda, aeroportlarda we beýleki ýol-ulag obýektlerinde, ýaşaýyş toplumlarynda hem-de jemgyýetçilik iýmit kärhanalarynda saglygy we zähmet gigiýenasyny goramak boýunça ýokary talaplaryň ýerine ýetirilmegini resmi taýdan tassyklaýar” – diýlip, Türkiýäniň medeniýet we syýahatçylyk ministrliginde bellenildi.

25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......