Apple 20%-e çenli önümçiligini Hytaýdan Hindistana geçirer

  • 15.05.2020 22:35
  • 3.1k+

Apple kompaniýasynyň önümçiliginiň bir bölegini Hindistana geçirmek meýilnamasy barada ýurduň hökümet ýolbaşçylary seslendiler, bu barada rossaprimavera.ru habar berýär.
2021-nji ýyldan 2025-nji ýyllar aralygynda Apple smartfonlaryň önümçiliginiň bir bölegini Hindistana geçirmegi meýilleşdirýär. Meýilnama laýyklykda, Hindistanda bäş ýylyň içinde 40 mlrd dollarlyk gurluş çykarylar. Gurluşlaryň esasy bölegi Wistron we Foxconn elektronikany şertnamalaýyn öndürijileriň kömegi bilen öndüriler.
Hindistanyň hökümeti bilen IT-kompaniýasynyň bu ylalaşygy elektronika önümçiligini goldamak çäreleriniň çäklerinde gazanyldy. Zerur bolan ýeňillikleri gazanmak üçin Apple Hindistanda ýylda $10 mlrd möçberde önüm öndürmeli.
2019-njy ýylda Apple Hindistanda $1,5 mlrd möçberde önüm satdy, ýöne bary-ýogy 0,5 mlrd dollarlyk önüm öndürdi. Deňeşdirmek üçin bellesek, Hytaýda 2018-2019-njy ýyllar üçin kompaniýa ýylda ortaça $110 mlrd möçberde önüm öndürdi.
Eger-de meýilnama durmuşa geçirilse, Hindistan iPhone smartfonlaryny iri eksport edijileriň birine öwrüler diýip, hökümet çinownigi belleýär.
Ýatladyp geçsek, häzirki wagtda Apple eýýäm hindi bazarynda Foxconn öndürijisiniň kömegi bilen iPhone XR smartfonuny öndürýär. Ýaňy-ýakynda, Apple kompaniýasynyň özüniň AirPods ilkinji studiýa nauşniklerini döretmegiň üstünde işlejekdigi habar berildi. Belläp geçsek, AirPods Studio nauşnikleri doly ölçegli simsiz nauşnik bolar we olar, ähtimal, AirPods täze lineýkanyň ilkinji modelleri bolar. Bu nauşnikler ýokary hilli seslenmä eýe bolmaly, çünki ol monitoring, mastering, bilim we ses bilen bagly beýleki işler üçin hünärmenler tarapyndan ulanylýar. Bu nauşnikleriň üstünliginiň brendiň beýleki gurluşlary bilen deňleşjekdigi we kompaniýanyň özi üçin täze gurluşy nähili derejede üstünlikli döretjekdigi heniz belli däl.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......