Saudi Aramco kompaniýasy I çärýekde 25% arassa girdejisini ýitirdi

  • 14.05.2020 09:49
  • 2.4k+

Saud Arabystanyň Saudi Aramco nebit döwlet kompaniýasynyň arassa girdejisi 2020-nji ýylyň birinji çärýeginde ýyllyk aňlatmasynda 25%, ýagny 16,661 milliard dollara çenli pese düşdi, ýöne 2020-nji ýyl üçin maliýe çykdajylary boýunça çaklama 25-30 milliard derejesinde saklanýar. Bu barada 1prime.ru habar berýär.
Paýnama girdejileriniň peselmegi çärýegiň jemi boýunça geçen ýyldaky 0,11 dollara garşy durmak bilen 0,08 dollara barabar boldy. 
Şunuň bilen birlikde kompaniýanyň girdejisi ýyllyk aňlatmasynda 16,2% kemelmek bilen, 60,151 milliard dollara barabar boldy. EBIT (Earnings Before Interest and Taxes) görkezijisi 34,202 milliard ýewro ýetdi, bu 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 22,7% pesdir.
Kompaniýa 2020-nji ýylyň birinji çärýeginde nebiti gazyp almagy ýyllyk aňlatmasynda 3%, ýagny günde 9,8 million barrele çenli peseltdi. 2019-njy ýylyň birinji çärýeginde kompaniýanyň ortaça gündeki hasabynda gazyp alyjylygy günde 10,1 million barrele barabar boldy.
Saudi Aramco 2019-njy ýylyň dördünji çärýegi üçin 13,4 milliard möçberinde diwidend töledi, 2020-nji ýylyň birinji çärýegi üçin 18,75 milliard dollar möçberinde tölege garaşylýar diýlip, kompaniýanyň habarynda aýdylýar.
11-nji maýda Saud Arabystan 1-nji maýdan güýje giren OPEK+ şertnamasyndan daşary, iýundan başlap nebiti gazyp alyjylygyň günde million barrel möçberde goşmaça çäklendirilýändigini habar berdi.
Häzirki wagtda şalyk 8,5 million barrel nebiti gazyp alýar. Tomsuň birinji aýynda ol 7,5 milliona çenli kemeldiler. Bu kemeltmä Kuweýt bilen Birleşen Arap Emirlikleri hem goşular, ýöne olar umumylykda bazardan 180 müň barreli aýyrarlar.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......