Ilon Mask Teslanyň ştab-kwartirasyny Kaliforniýadan geçirmekçi bolýar

  • 12.05.2020 23:01
  • 2k+

Tesla kompaniýasy ýakyn wagtda Palo-Altodaky (Kaliforniýa) ştab-kwartirasyny taşlap, Frimontdan gider diýip, elektrokarlary amerikan öndürijisiniň ýolbaşçysy Ilon Mask özüniň Twitterinde belleýär, bu barada iz.ru habar berýär.
Telekeçi şeýle netijä gelinmegiň hökümetiň Frimontdäki kärhananyň işini dikeltmegi gadagan edýänligi bilen baglydygyny aýdýar. Öň, San-Fransisko aýlagynyň çägine girýän alty etrabyň hökümeti COVID-19 pandemiýasynyň fonunda sanitar çäklendirmelerini maýyň ahyryna çenli, şol bir wagtda Tesla-nyň kärhanasyny işe girizmeklige gadaganlygy hem uzaltdy.
“Bu iň soňky damja boldy” – diýip, Mask ýazýar.
Kompaniýa ştab-kwartirany we meýilnamalary Tehasa ýa-da Newada geçirmegi meýilleşdirýär diýip, biznesmen habar berýär. Frimontdäki kärhana hem ýerli hökümetleriň “geljekde Tesla nähili garajakdyklary” bilen baglylykda, başga ýere geçirilip bilner.
Teslanyň Alamida aýlagynyň Frimont şäherindäki kärhanasy koronawirus ýaýrawy sebäpli sosial aradaşlygy berjaý etmek boýunça etraplar tarapyndan kabul edilen çäreleriň çäklerinde 23-nji martda saklanyldy. 7-nji maýda Kaliforniýanyň gubernatory Gewin Nýus çäklendirmeleri ýuwaş-ýuwaşdan aýyrmak we 16 pudakda önümçiligi dikeltmäge rugsat bermek barada çykyş etdi. Tesla hem Frimontdäki kärhanany işe girizmegini sorap ýüz tutdy, ýöne Alamida etrabynyň hökümeti ony ret etdi.
Soňky maglumatlar boýunça, Birleşen Ştatlarda COVID-19 bilen kesellemegiň 1,3 mln ýagdaýy hasaba alyndy, tas 80 müňden gowrak adam ýogaldy.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......