Apple kompaniýasy ABŞ-daky birnäçe dükanlaryny açar

  • 12.05.2020 17:49
  • 2.6k+

ABŞ-da ýakyn günlerde firma önümli birnäçe dükanlar açylyp başlanar, bu barada CNBC telekanalyna salgylanmak bilen rossaprimavera.ru habar berýär.

“Biz ABŞ-da dükanlary açyp başlaýandygymyza begenýäris” – diýip, kompaniýada belleýärler.

Ilkinji nobatda, dükanlar Aýdaho, Günorta Karolina, Alabama ştatlarynda we Alýaskada açylyp başlanar. Söwda nokatlary koronawirusyň ýaýramagyna garşy öňüni alyş çärelerini berjaý etmek bilen hereket ederler. Dükanlarda oňa gelýän adamlaryň sany çäklendiriler we dükandan çykylanda alyjylaryň temperaturalary barlanylar.

Apple koronawirus epidemiýasy bilen bagly ýagdaýyň ösüşini we kompaniýanyň dükanlary bar bolan sebitleriň hökümetleriniň maslahatlaryny gözegçilikde saklaýar.

“Biz dükanlarymyzy arkaýyn açmaga mümkinçilik bolan ýagdaýynda, muny ederis” – diýip, kompaniýanyň wekilleri belleýärler.

Ýatladyp geçsek, COVID-19 ýaýrap başlanyndan soň, kompaniýanyň dükanlary, Hytaýy hasap etmezden, ählisi ýapyldy. Soňky hepdelerde Günorta Koreýada, Awstraliýada we Germaniýada hem birnäçe dükanlar açyldy.

Belläp geçsek, Apple kompaniýasynyň firma dükanlary önümleri satmakda esasy element bolup hyzmat etdiler. Şunuň bilen birlikde, kompaniýada şu ýylyň birinji çärýeginde internet-söwdanyň ep-esli ösendigi bellenilýär.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......