Pekin bilen Waşington söwda ylalaşygyny alyp barmak barada gepleşdiler

  • 09.05.2020 23:18
  • 2.7k+

Pekin bilen Waşington söwda ylalaşygynyň birinji döwrüniň şowly amala aşyrylmagyna ýardam etmek barada gepleşdiler, bu barada “Sinhua” agentligine salgylanmak bilen rossaprimavera.ru habar berýär.
Bellenilip geçilişi ýaly, taraplar makroykdysadyýet pudagynda özarahereketi berkitmek barada maslahatlaşdylar. Duşuşyk telefon formatynda geçirildi, oňa ABŞ bilen söwda boýunça gepleşiklerde hytaý wekiliýetiniň ýolbaşçysy Lýu He, ABŞ-nyň maliýe ministri Stiwen Mnuçin we söwda wekili Robert Laýthazer gatnaşdy.
Taraplaryň söwda ylalaşygynyň birinji döwrüniň çäklerinde hereket etmek üçin özarahereketleri sazlamak we yzygiderli gatnaşygy saklamak barada ylalaşyga gelendigi habar berilýär.
Pekin bilen Waşingtonyň arasyndaky söwda ylalaşygynyň birinji döwri boýunça şertnama 15-nji ýanwarda gol çekildi. Ylalaşygyň çäklerinde Hytaý amerikan harytlarynyň satyn alynmasyny iki ýylyň içinde 2017-nji ýyldaky $200 mlrd baza derejesinden ýokarlandyrmaga boýun boldy.
Emma dünýä ykdysadyýetine ululygy boýunça ikinji düýpli ýitgini getiren koronawirus pandemiýasy Hytaýyň satyn alma işlerini tamamlap bilmegini şübhe astyna goýdy.
ABŞ-nyň söwda wekiliniň edarasynda iki tarap hem saglygy goraýyş pudagynda häzirki global möçberdäki adatdan daşary ýagdaýa seretmezden, ylalaşygyň çäklerinde öz borçlaryny wagtynda ýerine ýetirmeklige razy boldular. Maý aýynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Hytaýyň şertleşik boýunça öz borçlaryny ýerine ýetirmedik ýagdaýynda şertnamany ýatyrjakdygyny habar berdi.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......