Nissan Ýewropadaky ornuny çäklendirýär

  • 08.05.2020 22:58
  • 2.6k+

Şu ýylyň 28-nji maýynda Nissan Motors täze strategiýany hödürlär, oňa laýyklykda, kompaniýa Ýewropadaky ornuny çäklendirmegi we ABŞ, Hytaýa hem-de Ýaponiýa degişli maksatlaryny üýtgetmegi göz öňünde tutýar. Bu barada njcar.ru saýtynda bellenilip geçilýär.
Analitikler şeýle çözgüdiň esasy sebäbi kompaniýanyň diler merkezleriniň satuw görkezijisiniň pes bolmagyndan ybarat diýip hasaplaýarlar. Nissan-yň ýolbaşçylary ýerli awtosöýüjiler üçin diňe iki modeli galdyrmagy meýilleşdirýär. Häzirki wagtda ýewropa bazarynda galjak modeller belli. Juke we Qashqai modelleriniň talapkärligi has ýokary. Eger olaryň hem satuw görkezijisi has pes bolsa, onda Nissan Ýewropadan gider.
“Täze awtomobiller” neşiriniň Reýter agentligine salgylanmak bilen habar bermegine görä, konsern, esasan, ABŞ ünsi gönükdirer. Amerikan awtobazarynyň paýyny ele almak maksady brendiň düýpli we birden arzanlamagyna getirdi. Ösüşiň täze üçýyllyk strategiýasyna laýyklykda, Nissan kompaniýasy ozalky girdejililigini yza gaýtarmakçy bolýar, munuň üçin bolsa dilerler bilen aragatnaşygy ýola goýmaly we hatara täze önümleri goşmak bilen, ony gözden geçirmeli.
Meýilnamany düzýän ikinji möhüm iş – bäsdeşligi peseltmek we ylalaşyk boýunça hyzmatdaşlar bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak. Nissan hem Mitsubishi Motors kompaniýasy ýaly, birikdiriji modullar bilen üpjün edilen gibrid elektrokarlarynyň tehnologiýasyny taýýarlamak gurşawyna aralaşmagy meýilleşdirýär.
Şeýlelik bilen, täze 3-ýyllyk meýilnama ABŞ-daky, Hytaýdaky we Ýaponiýadaky bazarlarda ynamly orun eýelemäge mümkinçilik berýän önümleriň we tehnologiýalaryň maliýeleşdirilmesi üçin zerur bolan serişdeleri bölüp aýyrmaga gönükdirilendir.
Mundan başga-da, strategik meýilnama laýyklykda, tutuş dünýä boýunça 14 kärhana ýapylar, galanlary bolsa üç çalşyga derek iki çalşykda işlärler. Şunuň bilen baglylykda, önümçiligiň göwrümi ýylda 7 mln-dan 5,5 mln awtomobile çenli kemeler.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......