Ford birinji çärýekde $2 mlrd möçberde ýitgi çekdi

  • 06.05.2020 22:44
  • 1.4k+

Ford Motor amerikan awtomobil gurluşyk kompaniýasy 2020-nji ýylyň birinji çärýeginde $2 mlrd möçberde zyýan çekdi we girdejiniň ep-esli pese düşendigini hasaba aldy. Bu barada kompaniýanyň sişenbe güni neşir edilen hasabatynda aýdylýar, muny Trend TACC-a salgylanmak bilen habar berýär.
Kompaniýanyň birinji çärýekde girdejisi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 15% peselmek bilen $34,3 mlrd-a barabar boldy. Ýitgi $2 mlrd-a ýetdi. 2019-njy ýylyň birinji çärýeginde $1,1 mlrd möçberde girdeji hasaba alyndy. Ford hasabat döwründe lomaý satuwyň göwrümini 2019-njy ýylyň birinji çärýegi bilen deňeşdirilende 21% kemeltdi.
“Kompaniýanyň iş görkezijileri koronawirus pandemiýasynyň täsiri esasynda birinji çärýekde ep-esli pese düşdi” – diýlip, hasabatda bellenilýär. Kompaniýa “adamlaryň goragyny we çökgünlik wagty jemgyýete kömegi ýetirmegi” özüniň wezipesi hökmünde kabul edýär. Ol ýüzlerçe tiz kömek ulagyny, birnäçe million gorag maskalaryny, 50 müň öýkeniň emeli howa täzelenişi üçin enjamlary we 100 müň sany respiratorlary çykarmagy borç edindi.
Şunuň bilen kompaniýa $15 mlrd möçberde kredit liniýalaryny özüne çekdi we bergi borçnamalaryny $8 mlrd möçberde çykardy. Ford aprel aýynyň ortalarynda birinji çärýek boýunça özüniň deslapky netijelerini neşir etdi, oňa laýyklykda ýitgi $0,6 mlrd derejesinde görkezilýär.
18-nji martda General Motors, Ford we Fiat Chrysler üç amerikan awtomobil gurluşyk kompaniýalarynyň ýolbaşçylygy koronawirus ýaýrawy sebäpli özleriniň ABŞ-daky ähli kärhanalaryny wagtlaýyn ýapmak barada ylalaşdylar. Bu çäre kärhanalaryň 150 müň işgärine täsir etdi.
Federal we ýerli hökümetleriň maglumatlary esasynda hasap çykarýan Jons Hopkinsiň Uniwersitetiniň maglumatlary boýunça, ABŞ-da koronawirus bilen kesellemegiň 1mln ýagdaýy hasaba alyndy, 58 müňden gowrak adam ýogaldy.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......