Liga 1 möwsümiň wagtyndan öň tamamlanandygy sebäpli 243 mln ýewro ýitirer

  • 03.05.2020 23:56
  • 3.4k+

Fransiýanyň çempionatynyň ýolbaşçylygy koronawirus pandemiýasy sebäpli möwsümi wagtyndan öň tamamlamak kararyna geldi. Şunuň bilen baglylykda, Fransiýanyň professional futbol ligasy (LEP) we Canal+ telekanaly Liga 1 bilen Liga 2-niň oýunlaryny görkezmek baradaky şertnamany ýatyrdylar. Bu barada matchtv.ru habar berýär.
Çeşmäniň maglumatlary boýunça, telekanalyň prezidenti şertnama boýunça tölegiň indi geçirilmejekdigini habar berdi.
Mundan başga-da, Liga 1 bilen Liga 2-niň kanaldan eýýäm çempionatlarda oýnalan turlar üçin 37 million alandyklary belli boldy. Canal+ indiki möwsüm bahym başlar diýip umyt edýär.
Canal+ we Liga 1 bilen Liga 2-niň başga bir ýaýlymy belN Sports möwsümiň ahyryna çenli ýene-de 243 million tölemelidiler.
Ýatladyp geçsek, Fransiýanyň çempiony diýlip “PSŽ” yglan edildi, “Lill” we “Renn” Çempionlar ligasyna gatnaşarlar.
Öň, Fransiýanyň premýer-ministri Eduard Filipp koronawirus pandemiýasy sebäpli 2019/20-möwsümde ýurtda ähli sport ýaryşlarynyň ýatyrylýandygy barada habar berdi.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......