Samsung birinji çärýek boýunça maliýe netijeleri barada habar berdi

  • 03.05.2020 23:14
  • 2.5k+

Samsung kompaniýasy 2020-nji ýylyň 31-nji martynda tamamlanan birinji çärýek boýunça maliýe netijeleri barada habar berdi. Kompaniýanyň girdejisi 55,3 trln wona (45,5 mlrd dollara) barabar boldy, bu bolsa ýyllyk hasaby boýunça 5,6% ösüşe garamazdan, oňat netije bolup durýar. Bu barada megaobzor.com belleýär.
Koreý tehnologik kompaniýasynyň iň esasy artykmaçlyklarynyň biri onuň öz gerimini önümçiligiň dürli ugurlarynda giňeldijiliginden we elektron komponentlerini, şeýle hem taýýar önümi öndürýändiginden ybaratdyr. Hut şu hem oňa smartfonlara bolan islegiň pese düşmesinden gaçmaga we 6,4 trillion won (5,2 milliard dollar) möçberde operasion girdeji gazanmaga mümkinçilik berdi, bu bolsa 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,4% ýokarydyr.
Samsung kompaniýasy PK-lar üçin ýat gurluşlaryna we serwerlerine bolan sargytlaryň möçberiniň artandygyny habar berýär, sebäbi indi köp adamlar öýlerinden iş alyp barmaly bolýarlar. Ýeke bir ýarym geçirijiler biznesi 4 trillion wona (3,3 milliard dollar) getirdi, bu bolsa kompaniýanyň 2020-nji ýylyň birinji çärýegi boýunça umumy girdejisiniň üçden iki bölegine barabardyr.
Kompaniýanyň IT we mobil aragatnaşyklar bölümçesi operasion girdejisini ýyllyk aňlatmasynda 17%, ýagny 2,65 trillion wona çenli artdyrdy. Displeýleriň önümçiligi boýunça bölümçesi 6,59 trillion won möçberde girdejini we 290 milliard won möçberde operasion ýitgini hasaba aldy.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......