Mask emläginiň satuwy barada habar berdi

  • 03.05.2020 22:47
  • 3.4k+

Amerikan biznesmeni Ilon Mask Twitterde ýazan bir habarynda özüniň emlägini satmakçy bolýandygyny aýdýar. Bu barada ria.ru habar berdi. Ýagny, ol ilki özüniň ähli emlägini, şol sanda hususy öýüni satýandygy barada ýazýar. Şondan soň ol onuň üstüne “Teslanyň” paýnamalarynyň örän gymmatdygy baradaky pikirini goşýar.
Şundan soň awtoöndürijiniň paýnamalary 9,35%, ýagny 708,77 dollara çenli arzanlaýar, şonuň bilen birlikde söwda ugrunda hem olaryň bahasy 683 dollara çenli pese düşýär.
Bir zady belläp geçmek gerek, “Teslanyň” ýolbaşçysy kompaniýanyň Fremontdaky kärhanasynyň azyndan maýyň ahyryna çenli ýapyk boljakdygy baradaky habary negatiw kabul etdi, sebäbi Maskyň elektromobil kärhanalary biznesiň “durmuş ähmiýetli” kategoriýasyna goşulmady. Bu bolsa biznesmeniň “özüňi üzňelikde saklamak” çärelerini “faşizm” diýip atlandyrmagyna we “amerikalylara erkinligi gaýdyp bermegi talap etmegine” getirdi.
Öň Maskyň birža we gymmat kagyzlar boýunça amerikan Komissiýasy bilen oňşuksyzlygy bardy. Bu waka 2018-nji ýylyň awgustynda Maskyň “Teslany” hususy kompaniýa etmek baradaky habaryndan soň bolup geçýär. Netijede geçen ýyl Mask Komissiýa bilen şertnama baglaşmaly boldy, oňa laýyklykda indi Maskyň Teslanyň ýuristleri bilen ylalaşmazdan Twitterde kompaniýa barada ýazmaga haky ýokdur.
Ol şu wakadan soň 20 million dollar jerime töledi we Teslanyň Direktorlar geňeşiniň başlygy wezipesinden üç ýyl gitdi.
Şu ýylyň mart aýynyň ahyrynda bolsa Mask COVID-19 pandemiýasy sebäpli girizilen çäklendiriji çäreleriň basym ýatyrylmagyna çagyrýan beýannamasy bilen çykyş etdi.
Öň, koronawirus pandemiýasyna garamazdan, ABŞ-nyň käbir milliarderleriniň, şol sanda Amazon kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezosyň we Tesla kompaniýasynyň eýesi Ilon Maskyň öz baýlygyny onlarça milliard dollar artdyrandyklary habar berildi.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......