Facebook kompaniýasynyň mahabat girdejisi birinji çärýekde 17% artdy

  • 02.05.2020 23:41
  • 1.7k+

2020-nji ýylyň birinji çärýeginde Facebook kompaniýasynyň arassa girdejisi ýyllyk aňlatmasy boýunça tas $4,9 mlrd-a çenli artdy. Şeýle maglumatlar kompaniýanyň hasabatynda getirilýär. Paýnama girdejisi $1,71-e barabar boldy, geçen ýyl ol $0,85-e deň bolupdy. Bu barada adindex.ru habar berýär.
Internet torunyň girdejisi 18%, ýagny $17,737 mlrd-a çenli ýokarlandy. Mahabatlardan gelýän girdeji çärýek boýunça 17%, ýagny $17,44 mlrd-a çenli artdy. Işjeň ulanyjylaryň sany mart aýy boýunça ýyllyk aňlatmasynda 10%, ýagny 2,6 mlrd adama çenli ýokarlandy.
Facebook programma toplumyndan (Facebook, Instagram, WhatsApp ýa-da Messenger) geçen çärýekdäki 2,89 milliard bilen deňeşdirilende aýda 2,99 milliard ulanyjynyň peýdalanýandygyny belläp geçýär. ABŞ-da we Kanadada Facebook-dan işjeň peýdalanyjylaryň sany geçen çärýekdäki gündeki 190 million bilen deňeşdirilende 195 million ulanyja çenli ýokarlandy. Facebook-yň ulanyjylar bazasy geçen çärýekdäki gündeki 294 million işjeň ulanyjylar bilen deňeşdirilende 305 milliona çenli ýokarlandy. Kompaniýanyň “beýlekiler” kategoriýasyndaky girdejisi çärýek boýunça $297 milliona barabar boldy, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 80% köpdür.
Şonuň bilen birlikde, kompaniýada çykdajylaryň azalandygy hem bellenilýär. Iş saparyna gitmek we çäreleri geçirmek mümkinçiliginiň bolmandygy sebäpli kompaniýa $2 milliarddan $4 milliarda çenli tygşytlady.
Facebook kompaniýasynyň hasabatynda 2020-nji ýylyň birinji çärýeginiň soňky üç hepdesinde mahabata bolan islegiň ep-esli pese düşendiginiň, bahasynyň hem azalandygynyň hasaba alnandygy bellenilip geçilýär. Ýöne aprelden başlap onuň durnuklaşandygy görünýär. Kompaniýanyň kapitallaşdyrmasy ýyl boýunça 0,6% ýokarlandy we häzir $521 mlrd-dan geçýär.
Öň, 2020-nji ýylda koronawirus sebäpli Facebook we Google kompaniýalarynyň mahabat girdejisinden umumylykda $44 mlrd ýitirip biljekdigi habar berildi.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......