Apple iPhone flagman modelleriniň önümçiligini soňa goýdy

  • 30.04.2020 18:00
  • 3.7k+

Apple amerikan kompaniýasy koronawirus ýaýrawy bilen bagly dörän mesele sebäpli iPhone 2020 flagman lineýkasynyň önümçiligini bir aý soňa goýdy. Bu barada «The Wall Street Journal» gazetine salgylanmak bilen iz.ru habar berýär.
Koronawirus pandemiýasynyň global sarp edijileriň islegini gowşadýandygy we durmuş elektronikasyny ýola goýmak boýunça zynjyryň merkezi hasaplanylýan Aziýada önümçilige zyýan ýetirýändigi üçin Apple flagman iPhone-laryň köpçülikleýin çykarylyşyny soňa goýdy. Çeşmeleriň biri kompaniýanyň 2020-nji ýylda öndürmek isleýän iPhone-larynyň sanyny 20% azaldandygyny habar berýär. Ýöne gürrüň tutuş önümçiligiň bes edilýänligi ýa-da onuň bir böleginiň 2021-nji ýyla süýşürilýändigi barada gidýärmi ýa-da dälmi, ol belli däl.
2020-nji ýylda Apple käbirleri 5G ulgamy bilen üpjün edilen dört sany täze iPhone-y hödürlemekçi bolýar. Modeller ekranynyň diagonallary bilen tapawutlanarlar, ýagny olar 5,4 dýuým, 6,7 dýuým we 6,1 dýuým bolar. Şeýle-de, relize taýýarlanýan bu modeller gurluşlaryň ýokary önümçiligi üçin täze prosessora, LIDAR täze datçige eýe bolarlar. Adatça, Apple täze iPhone-lary sentýabryň ortasynda hödürleýär we aýyň ahyryna çenli olary bazara çykarýar. Munuň üçin kompaniýa tomusyň başynda telefonlary köpçülikleýin önümçilige goýberýär.
Mart aýynyň ahyrynda çeşme Apple kompaniýasynyň täze nesliň smartfonlaryny çykarmak işini soňa goýjakdygyny habar berdi. Koronawirus pandemiýasy sebäpli iPhone 12 lineýkasynyň relizi güýzüň ahyryna ýa-da 2021-nji ýylyň başyna süýşürilip bilner. “Nikkei” neşiri amerikan kompaniýasynyň top-menejerleriniň maýdan gijä galman karara gelmelidiklerini habar berdi.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......