Oppo we Vivo Hytaýda Huawei-ni üçünji orna süýşürdiler

  • 28.04.2020 23:25
  • 3.8k+

Mobil telefonlaryny öndürijiler Oppo we Vivo hytaý bazaryndan özleriniň esasy bäsdeşini çykarmagy başardylar. 2020-nji ýylyň birinji çärýegi boýunça Huawei iň köp satyn alynýan brendleriň reýtinginde üçünji orny eýeledi, bu barada dni24.com habar berýär.
Koronawirus pandemiýasy Hytaýda smartfonlara bolan islegi tas 40% pese düşürdi. Esasanam, çökgünlik Huawei brendine has güýçli täsir etdi, şonuň netijesinde brend köp wagtdan soň ilkinji gezek Hytaýyň bazarynda öňdebaryjylygyny ýitirdi. Soňky maglumatlara laýyklykda, Oppo we Vivo kompaniýalary satuwyň umumy göwrümi boýunça degişlilikde 21,4% we 20,5% görkeziji bilen Huawei brendini üçünji orna düşürdiler. Ýöne bir zady anyklaşdyrmak gerek, bu alnan maglumatlarda Honor-yň, ýagny Huawei-niň bölünip aýrylan kärhanasynyň satuwy hasaba alynmady. Jemi alanyňda olaryň görkezijisi 29,9%-e barabar bolýar (20,2% - Huawei, 9,7% - Honor), şonuň üçin brend hakykatda bäsdeşlerinden yza galmaýar. Dördünji setir Xiaomi kompaniýasyna – 10,3%, bäşinji bolsa Apple kompaniýasyna – 10,1% degişli boldy.
Ýanwar aýy boýunça Hytaýda 6,34 million mobil gurluşlary satyldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 55% azdyr. Tehnikany öndürijiler koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda uly ýitgä sezewar bolýarlar, şonuň üçin Hytaýyň hökümeti ýurtda ykdysady ýagdaýy durnuklaşdyrmak üçin çäklendirmeleri gowşadýar.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......