Apple gyzyl iPhone SE-niň satuwyndan gelen girdejileri koronawirus bilen göreşe sarp eder

  • 23.04.2020 22:53
  • 4.7k+

Apple kompaniýasy eýýäm köp ýyl bäri Product Red haýyr-sahawat kampaniýasyny ýöredýär – kompaniýa smartfonlary we aksessuarlary gyzyl reňkde çykarýar, olaryň satuwynyň bir bölegi afrikan ýurtlarynda WIÇ/SPID kesellerine garşy göreşe iberilýär. Häzir kompaniýa bu haýyr-sahawat çäresiniň serişdeleriniň bir bölegini pandemiýa döwründe tutuş dünýä boýunça saglygy goraýyş sistemalaryna kömege ibermek kararyna geldi. Bu barada hi-tech.mail.ru saýty habar berýär.
30-njy sentýabra çenli gyzyl iPhone SE (2020) smartfonunyň, iPhone 11 ýa-da iPhone XR-iň satuwyndan, şeýle-de aýfonlar üçin gyzyl daşlyklaryň we sagatlar üçin guşaklaryň satuwyndan gazanylan puluň bir bölegi sanjymlary taýýarlamaga kömek etjek COVID-19 bilen göreş boýunça Global fonduna hem-de koronawirusdan has köp ejir çeken aýratyn sebitlere iberiler.
Product Red haýyr-sahawat kampaniýasyna Nike we Starbucks hem gatnaşýar, ýöne Apple has köp goşant goşýar. Apple Product Red-iň önümlerinden gelýän girdejiniň haýsy böleginiň haýyr-sahawat işine sarp edilýändigini aýdanok, ýöne, meselem, 2018-nji ýylda kompaniýa “gyzyl” aýfonlaryň we aksessuarlaryň satuwyndan 200 million dollar aldy.
Kompaniýa kämilleşdirilen kameraly we Apple A13 täze prosessorly, iPhone 8-iň doly nusgasy bolan iPhone SE smartfonunyň anonsyndan soň koronawirusa garşy göreşe kömek etmek barada habar etdi. Apple-iň saýtynda öňki iPhone 8 eýýäm satuwdan aýryldy, ýöne beýleki dükanlarda heniz hem satylýar.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......