Analitikler: iPhone 12 lineýkasy koronawirus sebäpli noýabra çenli eglener

  • 21.04.2020 22:56
  • 5.4k+

Goldman Sachs bankynyň hünärmenleri we analitikleri Apple kompaniýasynyň sentýabra çenli iPhone 12 modellerini gerekli möçberde çykarmaga ýetişmeýändigini, şonuň üçin satuwa başlamak işini noýabra ýa-da ondan hem soňa süýşürjekdigini habar berýärler. Bu barada 9to5mac neşirine salgylanmak bilen hi-tech.mail.ru belleýär.
Onuň tanyşdyrylyşynyň nähili boljakdygy heniz düşnüksiz. Apple adat boýunça iPhone 12 lineýkasynyň tanyşdyrylyşyny sentýabrda geçirip, olaryň satuwyna bolsa iki aýdan başlap biler ýa-da anonsy başga bir senä geçirip biler.
Hytaýda Apple smartfonlarynyň önümçiligi bilen meşgullanýan Foxconn kärhanasy karantinden soň öz işini doly dikeltdi. Muňa garamazdan, işgärleriň köpüsi öýde işlemegi dowam etdirýärler we ýurtlaryň arasyndaky uçuşlar hem çäklendirilen, şonuň üçin täze modelleriň prototiplerini taýýarlamakda we önümçiligini ýola goýmakda mesele ýüze çykyp biler.
Maýadarlar üçin Goldman Sachs-yň beýleki bir hasabaty täze modelleriň maliýe mümkinçiligine degişli bolup durýar. Analitikler bu ýylda koronawirus hem-de ykdysady meseleler sebäpli bazaryň iPhone 12-niň gymmat modellerini ýaramaz kabul edip bilmeginden, adamlaryň hem satyn almak işini soňa goýmagyndan ýa-da geçen ýylky iPhone 11, täze iPhone SE (2020) ýaly elýeterli smartfonlary satyn almagyndan howatyrlanýarlar.
Bank koronawirus sebäpli Apple-iň önümleri çykaryş işi 2020-nji ýylyň üçünji çärýeginde geçen ýylky bilen deňeşdirilende üçden bir bölek pese düşer diýip belleýär.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......