Subaru uçarlar üçin bölekleri çykarýan iki kärhanasynyň işini togtadýar

  • 21.04.2020 15:37
  • 2.9k+

Subaru ýapon kompaniýasy Ýaponiýanyň merkezi bölegindäki Aýti prefekturasynda ýerleşýän uçarlar üçin bölekleri çykarýan iki sany kärhanasynyň önümçiligini togtadýar. Bu barada Ýaponiýanyň jemgyýetçilik telewideniýesi habar berýär, diýip Trend TACC-a salgylanmak bilen ýetirýär.
Bu kärhanalarda howa gämileriniň ganatlaryny we fýuzelýažyny birikdiriji bölekler öndürilýär. Işiň saklanylmagy bu bölekleri satyn alýan Boeing amerikan korporasiýasynyň işiniň bes etmegi bilen bagly. Önümçiligiň saklanylmagy 1-nji maýa çenli dowam eder.
Öň, Subaru täze koronawirus ýaýrawynyň howpy sebäpli özüniň Ýaponiýadaky ähli awtomobil kärhanalarynyň işini 1-nji maýa çenli togtadýandygyny habar berdi.
Ýaponiýada täze koronawirus bilen kesellänleriň umumy sany 10 müňe ýetdi, olaryň arasynda Iokogama portunda bir aýlap karantinde bolan Diamond Princess kruiz laýneriniň ýolagçylary we ekipaž agzalary hem bar. Kesellänleriň 197-si agyr ýagdaýda, ýurtda 203 ölüm bellige alyndy.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......