Hytaý kärhanalary daşary ýurt inženerleriniň ýetmezçiliginden kynçylyk çekýär

  • 20.04.2020 23:31
  • 5k+

Hytaý kompaniýalary ýurda daşary ýurt hünärmenleriniň gelip bilmeýändigi üçin önümçiligiň depginini gowşadýarlar we önümleri çykarmak işini soňa goýýarlar, bu barada “Nikkei Asian Review” neşirine salgylanmak bilen rossaprimavera.ru habar berýär.
Koronawirus pandemiýasynyň esasynda beýleki döwletleriň ýaşaýjylary üçin Hytaýyň serhetleriniň ýapylmagy hytaý kompaniýalarynyň daşary ýurtlulary täze enjamlaryň önümçiligine çekmek mümkinçiligini ýokary derejede çäklendirdi.
Suwuk kristally panelleriň çykarylyşyna ýöriteleşdirilen BOE Technology Group firmasy özüniň önümçilik kuwwatyny artdyrmak işini hem soňa goýdy, sebäbi montaž we enjamlary gutarnykly gurnamak üçin ýapon işgärleri gerek bolup durýar, olar bolsa heniz Hytaýa girip bilenoklar.
Şunuň esasynda 2020-nji ýylda suwuk kristally panelleri çykarmak boýunça meýilnamalaryň üçden bir bölegi kemeler, bu bolsa dünýäde çykarylýan telewizorlaryň sanynyň 4% azalmagyna getirer.
Mart aýynda ýat çipleriniň önümçiligi boýunça Hytaýda kärhana açan Koreýanyň Samsung elektronika öndürijisi enjamlary ahyryna çenli gurnap bilmek mümkinçiligi bolmandygy sebäpli önümçilige başlamak işini soňa goýýar.
Şeýle-de Ýaponiýanyň köp kompaniýalary hem Hytaýdan talap edilýän tehniki önümi ýygnamak üçin gerek bolan detallary alyp bilenoklar. Panasonic firmasy satuwdan kesgitli modelleriň noutbuklaryny aýyrdy, Nikon bolsa täze fotoapparatynyň tanyşdyrylyşyny bir aý yza süýşürdi.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......