Huawei öz prosessorlaryny öndürijileri az-kem üýtgedýär

  • 19.04.2020 23:06
  • 1.9k+

ABŞ hökümeti tarapyndan girizilen çäklendirme Huawei kompaniýasyna diňe bir ýerli kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk etmegi gadagan etmek bilen çäklenmän, eýsem, amerikan tehnologiýalarynyň we önümleriniň ulanylmagyna hem çäk girizýär. Hususan-da, bu Huawei bilen TSMC-niň hyzmatdaşlygyna täsir etdi. Şonuň üçin hytaý tehnologik ägirdi özüniň ýarym geçiriji önümleriniň önümçiligini diwersifikasiýalaşdyrmak kararyna geldi diýip 4pda.ru habar berýär.
Bar bolan maglumatlara laýyklykda, ABŞ-nyň hökümeti ýarym geçirijileri öndüriji TSMC taýwan kompaniýasyna täsirini ýetirýär we ony hyzmatdaşlygy bes etmäge ýa-da Huawei üçin çipleriň çykyş möçberini azaltmaga mejbur edýär. Bu talap edijilik hem delilli, sebäbi TSMC az-kem amerikan tehnologiýasyna daýanýar. Şonuň üçin Huawei ýarym geçirijileri taýýarlamak üçin sargytlaryň bir bölegini Hytaýyň territoriýasynda uly göwrümli önümçiligi bilen öwnüp biljek Semiconductor Manufacturing International Corporation (SMIC) korporasiýasyna bermek bilen özüni öňünden täze sanksiýalardan goramakçy bolýar.
Çeşme heniz 2019-njy ýylyň ahyrynda Huawei-niň inženerleriniň has döwrebap tehnologiýalara geçmegi çaltlaşdyrmak maksady bilen SMIC-däki kärdeşler bilen maslahat geçirip başlandyklaryny nygtaýar. Öň Huawei-niň SMIC-den FinFET tehnologiýalary boýunça 14-nm çiplerini sargyt edendigi belli boldy.
Indi Şanhaýdaky SMIC kärhanasynda her aýda 35 müň sany integral mikroshemalaryny taýýarlamak üçin kämilleşdirilen liniýanyň guruljakdygy habar berilýär. TSMC täze tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmak boýunça lider hasaplanylýar, şonuň üçin hut şu taýwan kompaniýasy Huawei üçin 5-nm çiplerini çykarmak bilen meşgullanar.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......