Hytaýyň hökümeti awtomobilleriň satyn alynmasy üçin pul berer

  • 16.04.2020 23:38
  • 4.7k+

Koronawirus pandemiýasy bilen ilki çaknyşan hytaý awtobazarynyň ýagdaýy gaty gowy däl, ýöne satuwlar her niçik-de bolsa ýuwaş depgin bilen dikelýär. Şonuň üçin ýerli hökümet höweslendiriji çäreleri kabul etdi.
Ýatladyp geçsek, Hytaýyň awtobazary fewral aýynda has beter çökdi, satuwyň pese gaçyş derejesi birbada 79%-e barabar boldy, ýagny jemi 236,7 müň ulag satyldy. Şu ýylyň birinji çärýeginiň jemi boýunça pese gaçyş 42% derejesinde hasaba alyndy. Mart aýy şowly boldy, geçen aýda bir ýyl mundan öňkä garanda, 43% täze ulag satyldy.
Adaty ýylda Hytaý häzirki wagta çenli 6 milliondan gowrak täze awtomobilleri satardy, ýöne bu ýyl oňa bary-ýogy 3,7 mln awtomobili satmak başartdy.
Bellenilip geçilişi ýaly, awtomobil pudagy ýurduň ykdysadyýeti üçin esasy hasaplanylýar, bu ýerde göni ýa-da gytaklaýyn görnüşde 40 mln töweregi adam işleýär, jemi girdeji bolsa 1 trln ABŞ dollaryna barabar bolýar. Mundan başga-da, hut hytaý awtobazary ýaňy-ýakyna çenli täze ulag serişdeleriniň satuw göwrümi boýunça birinji ýerdedi.
Pudagy höweslendirmek maksadynyň esasynda, ýerli hökümet elektrokarlary öndürijiler üçin salgyt ýeňilliklerini ýene-de 2 ýyl artdyrmak kararyna geldi, satyjylara bolsa her awtomobil üçin 1,4 müň dollar möçberinde pul kömegi berler diýip speedme.ru habar berýär. Biznes mekdepler açylanda we tomusky syýahatçylyk möwsümi başlanda awtomobillere islegiň dolanjakdygyna umyt bildirýär. Çagalary mekdebe äkitmek zerurlygy Hytaýda adamlaryň awtomobili satyn almagy üçin esasy sebäp bolup hyzmat edýär, şeýle-de syýahat etmek islegi hem satuwy ýokarlandyryp biler.
Hytaýyň awtomobil bazarynyň ýagdaýy bilen dünýäniň ýagdaýy hem bagly. Volkswagen we General Motors ýaly uly awtoöndürijiler bu ýerde ulaglarynyň 40%-ni satýarlar.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......