Germaniýanyň awtobazary mart aýynda antirekord goýdy

  • 15.04.2020 23:17
  • 4.8k+

Nemes awtobazary 2020-nji ýylyň mart aýynyň jemi boýunça 37,7%, ýagny 215 199 ulag derejesine çenli pese düşdi. Koronawirus ýaýrawy we onuň bilen bagly çäklendirmeleriň esasynda şertlendirilen bu pese gaçma gözegçiligiň tutuş taryhynyň dowamynda iň ulusy hökmünde bellige alyndy, bu barada Germaniýanyň awtomobil senagatynyň Assosiasiýasynda (VDA) bellenildi.
2020-nji ýylyň üç aýynyň içinde nemes awtodilerleri 701 362 sany täze awtomobili satdylar, bu bolsa ondan öňki ýyla garanda 20,3% pesdir.
“Автоновости дня” portalynyň habar bermegine görä, Volkswagen awtobazaryň lideri bolmagynda galýar, onuň ulaglaryny mart aýynda 40 643 adam saýlady (-35,1%). Ikinji orunda 20 132 sany satylan ulag (-28,2%) netijesi bilen Mercedes-Benz ýerleşýär, üçünji orny bolsa öz satuwyny 21,3%, ýagny 20 047 sany ulaga çenli peselden BMW eýeleýär. Liderleriň bäşligini hasabat aýy degişlilikde 18 904 (-36,5%) we 12 730 (-50,3%) sany ulag bilen tamamlan Audi we Ford kompaniýalary jemleýär.
Analitikler aprel aýynda hem satuwyň derejesi geçen ýylka garanda ep-esli peseler diýip pikir edýärler, sebäbi häzirki wagtda sarp edijileriň islegi minimal derejede ýerleşýär. Sarp edijiler dünýäde bolup geçýän ýagdaýlaryň esasynda täze ulag görnüşinde uly söwdany etmekden saklanýarlar.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......