Forbes: Amazon kompaniýasynyň eýesi bir günde $6,4 mlrd baýady

  • 15.04.2020 09:13
  • 11k+

Amazon amerikan korporasiýasynyň paýnamalarynyň rekord dereje ýokarlanmagy netijesinde dünýäniň iň baý adamsynyň, bu korporasiýasynyň ýolbaşçysy Jeff Bezosyň baýlygy bir günde 6 mlrd dollardan gowrak artdy. Bu maglumatlary sişenbe güni Forbes žurnaly öz saýtynda habar berýär, diýip Trend belleýär.
Maglumata görä, sişenbe güni Nýu-Ýorkda söwda biržasy ýapylýança dünýäde iň iri onlaýn riteýleriň paýnamalarynyň bahasy 5,3 % ýokarlanyp, her biri rekord baha – 2238 dollara deň boldy. Şeýlelikde, korporasiýanyň paýnamalarynyň 11,2 %-ne eýelik edýän Bezosyň baýlygy 6,4 mlrd dollar (5%) artyp, 138 mlrd dollara ýetdi. Şol bir wagtda onuň öňki aýaly Makkenzi Bezosyň baýlygy söwda sessiýasynyň barşynda 2,2 mlrd dollar artyp – 44,8 mlrd dollara ýetdi. Ol milliarder bilen aýrylyşanyndan soňra dünýäniň iň baý zenany bolupdy.
7-nji aprelde Forbes bassyr üçünji gezek Bezosy dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda birinji ýerde goýdy. Şol wagt, žurnalyň bilermenleriniň hasaplamalaryna görä, onuň emlägi bir ýylda 18 mlrd dollar azalyp, takmynan, 113 mlrd dollar möçberinde bahalandyrylýardy. Ikinji ýerde Microsofty esaslandyranlaryň biri bolan Bill Geýts – 98 mlrd dollar; üçünji ýerde LVMH (Louis Vuitton Moet Hennessy) fransuz kompaniýalar toparynyň baş direktory Bernar Arno – 76 mlrd dollar.
Mundan öň, Amazon kompaniýasy ilki 100 müň adamyň, soňra bolsa ýene-de 75 müň adamyň goşmaça işe alnandygyny habar beripdi. Mundan başga-da, kompaniýada habar berlişi ýaly, işgärleriň sagatlaýyn iş hakyny ABŞ-da 2 amerikan dollary, Kanadada 2 kanada dollary we Ýewropanyň köp sanly ýurtlarynda 2 ýewro möçberinde artdyrmak hakynda çözgüt kabul edildi. Kompaniýa koronawirus pandemiýasy zerarly dükanlaryň ýapylmagy netijesinde onlaýn sargytlaryň aşa köp mukdaryny işläp ýetişmek üçin şeýle çäreleri gördi.

düýn 23:23
438

Warner Bros. Discovery $2,92 mlrd ýitgi çekdi

Warner Bros. Discovery (WBD) kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi boýunça 2,92 milliard dollar möçberinde ýitgi çekendigi barada hasabat berdi. Ýitgileriň esasy bölegi Netflix bilen şertnamany ýatyrmak......

düýn 18:18
640

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......

10.05.2026 19:42
1.5k+

LEGO «Harri Potteriň» 25 ýyllygyna sekiz sany täze toplum çykarar

LEGO kompaniýasy «Harri Potter» franşizasy boýunça seriýanyň 25 ýyllygyna bagyşlanan sekiz sany täze toplumyň çykaryljakdygyny yglan etdi. Ilkinji bäş toplum 1-nji iýunda, galan üçüsi bolsa 1-nji awgustda......

10.05.2026 18:57
9.8k+

Gazagystanly milliarder baýlygynyň ýarysyny haýyr-sahawata berýär

2026-njy ýylyň aprelinde gazagystanly telekeçi, BI Group kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri Aýdyn Rahimbaýew we onuň aýaly Anar resmi taýdan «The Giving Pledge» halkara başlangyjyna goşuldylar. Bu başlangyç......