Xiaomi “Mi Fan Festival 2020” çäresinde $410 mln töweregi gazandy

  • 11.04.2020 23:32
  • 3.4k+

Xiaomi kompaniýasy Mi-muşdaklaryna olaryň hemişeki goldawyna minnetdarlyk bildirmek üçin her ýylda öz watany Hytaýda (we tutuş dünýä boýunça) “Mi Fan Festival” çäresini geçirýär. Baýramçylygyň dowamynda Xiaomi, adatça, täze önümlerini hödürleýär, baýrakly oýunlary we bäsleşikleri guraýar, şeýle-de öz önümlerine uly arzanladyşy hödürlemek bilen söwda gurnaýar.
Xiaomi-niň 10 ýyllygyna bagyşlanylan Mi Fan Festival apreliň başynda geçdi. Kompaniýa festiwalyň çäklerindäki satuwyň oňa 2,89 mlrd ýuan ($410 mln töweregi) girdeji getirendigini habar berdi. Mi Fan Festival-yna, umumy alanyňda, 98,6 mln adam gatnaşdy.
3dnews.ru saýtynyň Gizmochina salgylanmak bilen habar bermegine görä, kompaniýa tarapyndan neşir edilen resmi maglumatlara laýyklykda, festiwal wagtynda 1,826 mln-dan gowrak dürli Alo T-gurluşlary satyldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli çäresindäkiden 160% ýokary.
Kompaniýa diňe Smart TV-sinden 231 müň sanysyny satmagy başardy. Xiaomi kompaniýasynyň, Redmi brendiniň ýolbaşçysy Lýu Weýbingiň aýtmagyna görä, söwdanyň ilkinji sagadynyň dowamynda tas 65 mln dürli gurluşlar satyldy.
Kompaniýa statistikany we iri satuw baradaky maglumatlary onlaýn režiminde görkezdi. COVID-19 pandemiýasyna seretmezden, çäre Xiaomi üçin şowly geçdi.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......