Türkmenistanyň eksport ugurly harytlarynyň we hyzmatlarynyň elektron sergisi dörediler

  • 11.04.2020 22:37
  • 4.2k+

10-njy aprelde geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjow Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň eksport ugurly harytlarynyň we hyzmatlarynyň elektron (wirtual) sergisini döretmek hem-de Türkmenistanyň haly, dokma we söwda pudaklarynyň ösüşine bagyşlanan sergisini geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi we bu baradaky teklipleri beýan etdi.
Sanly sergi internet saýty görnüşinde döredilip, onda ösen tehnologiýalaryň we elektron şekilleriň üsti bilen ekspozisiýalary emele getirmek arkaly kärhanalar we guramalar, harytlar hem-de hyzmatlar, gazanylan ykdysady netijeler hem-de üstünlikler baradaky elektron maglumatlar ulanyjylaryň giň köpçüligine hödürlenilýär. Onuň wagty tygşytlamakda hem-de netijelilik babatda birnäçe artykmaçlyklary bolup, Türkmenistanda öndürilýän harytlaryň görnüşleri we hili baradaky maglumatlary ähli gyzyklanma bildirýän ulanyjylara ýetirmekde bähbitlidir.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, onlaýn-meýdançalaryň ulanylmagy hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny herekete girizmäge, täjirçilik tekliplerini alyşmak üçin şertler döretmäge, şeýle hem köp ýagdaýda internet-dükanlaryň we türkmen önümlerini ýerleýän söwda öýleriniň saýtlarynda ulanyjylaryň isleglerini başga bir ugra gönükdirmäge mümkinçilik berýär.
Eksport harytlaryň elektron sergisini Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde işläp taýýarlamak we onda birnäçe pudaklaryň we hususyýetçileriň elektron sergilerini ýerleşdirmek meýilleşdirilýär.
Sergileriň şeýle görnüşde guralmagynyň, oňa gatnaşýanlara maliýe, wagt we zähmet serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik berýändigini nazara alyp, işewür gatnaşyklaryň şeýle görnüşini ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň ösüşine goldaw bermek üçin ulanylmagy bähbitli bolar.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......