Xerox HP kompaniýasyny satyn almakdan gutarnykly ýüz öwürdi

  • 09.04.2020 23:41
  • 2k+

Xerox amerikan korporasiýasy HP (Hewlett-Packard) kompaniýasyny satyn almak synanyşyklaryndan ýüz öwürdi. Bu barada “The Wall Street Journal” gazeti özüniň elektron wersiýasynda habar berdi, muny Trend TACC-a salgylanmak bilen bize ýetirýär.
Olaryň maglumatlary boýunça, Xerox bäş aý synanyşykdan soň HP kompaniýasyny $30 mlrd-dan ýokary satyn almak teklibini goýbolsun etmegi we printerleri hem-de personal kompýuterleri öndürýän bu kompaniýanyň ýolbaşçylygyny duşmançylyk ýoly bilen üýtgetmek ideýasyndan ýüz öwürmegi meýilleşdirýär. Neşiriň ýazmagyna görä, korporasiýada bazardaky täze koronawirusyň esasynda dörän kesel pandemiýasynyň netijeleri bilen şertlendirilen ýakymsyz ýagdaýlar sebäpli şeýle maksada ýetmek ugrunda edilýän synanyşyklar maksadalaýyk däl diýlip hasaplanyldy.
Gazetiň habar bermegine görä, HP kompaniýasynyň ýolbaşçylygy Xerox-yň birleşmek teklibinden üç gezek boýun gaçyrdy we muny teklip edilýän ylalaşygyň “HP kompaniýasynyň derejesini peseltjekdigi, şonuň üçin maslahatlaşmagyň gerek däldigi” bilen düşündirdi. Kompaniýa bäsdeşiniň fond bazarynda gymmat kagyzlary satyn almagyň hasabyna gözegçiligi ele almak boýunça etjek synanyşygyna ýol bermezlik üçin hatda öz paýnamalaryny $15 mlrd-a yzyna satyn aldy.
Kopiýa apparatlaryny öndüriji Xerox-yň kompýuterleri we beýleki tehnikalary çykarýan HP korporasiýasyny satyn almak barada özüniň teklibi bilen çykyş edendigi geçen ýylyň noýabrynda belli boldy. Reýter agentligi Xerox-yň HP kompaniýasyna $33 mlrd tölemäge taýýardygyny belledi. Soňky maglumatlara laýyklykda, HP kompaniýasynyň bazar kapitaly $30,96 mlrd-dan $25 mlrd-a çenli peseldi, Xerox-yňky, takmynan, $8,1 mlrd-dan tas $4 mlrd-a çenli peseldi.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......