Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi 2,7 esse artdy

  • 02.04.2020 20:59
  • 9.3k+

2020-nji ýylyň ilkinji aýlarynda internet-banking, elektron söwda we galtaşyksyz töleg hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň sany birnäçe esse artdy.
Türkmenistanda bu ýörelge sanly ykdysadyýete geçmek bilen bagly amala aşyrylýar. Nagt däl hasaplaşyklaryň ulanylmagy töleg geçirmek üçin iň amatly usuldyr. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň berýän maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda nagt däl hasaplaşyklaryň sany geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,7 esse artyp, 815 mln manada deň boldy, diýip Orient agentligi habar berýär. Müşderiler hasaplaryny töleg terminallary, mobil ulgamlar we internet banklary arkaly, şeýle hem elekton söwdanyň üsti bilen töleg etdiler.
Türkmenistanda bu günki gün elektron töleg terminallary bilen söwda merkezleriniň ählisi enjamlaşdyryldy, okuw edaralarynyň, önümçilik kärhanalarynyň öz hasaplaşyk hasaplary bar.
Nagt däl hasaplaşygyň ulanylmagynyň ýörgünligi onuň tiz hem amatlylygy bilen düşündirilýär. Çünki zähmet haklary kartlara geçirilýär, olary nagt çykarmagyň zerurlygy aradan aýrylýar. Kartdan töleg etmek arkaly birnäçe işiňi azaldyp bolýar.
Şeýle hem Türkmenistanda «Altyn Asyr» kartlarynyň eýelerine «keşbek» hyzmaty hem girizildi. Bu hyzmat arkaly nagt däl hasaplaşyklar geçirilenden soňra tölegiň belli bir möçberi ýene-de karta gaýtarylyp berilýär.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......