Aleksandr Dadaýew pensiýa çykmagy sebäpli TSTB-niň başlygy wezipesinden aýryldy

  • 01.04.2020 21:06
  • 19k+

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň merkezi binasynda geçirilen mejlisde garalyp geçilen meseleleriň hatarynda TSTB-niň başlygy Aleksandr Dadaýewiň pensiýa çykmagy bilen baglylykda wezipesinden boşadylmagyny sorap ýazan arzasyna garalyp geçildi.
Orient agentliginiň habar berşi ýaly, müdirligiň agzalary A.Dadaýewiň arzasyny biragyzdan kanagatlandyrdylar. TSTB-niň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmeklik TSTB-niň başlygynyň orunbasary Döwran Hudaýberdiýewiň üstüne ýüklenildi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 2008-nji ýylyň martynda döredildi. Döredilen gününden bäri, A.Dadaýew birleşmäniň başlygy wezipesinde işledi.
Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 12 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen maslahatda bellenilişi ýaly, 2019-njy ýylyň 1-nji martyndan 2020-nji ýylyň 1-nji marty aralykda 1809 sany telekeçi Birleşigiň agzalygyna kabul edildi. Bu günki gün olaryň jemi sany 24 200-e ýetdi.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......