Samsung Display kompaniýasy LCD-displeýleriň önümçiligini bes eder

  • 01.04.2020 19:44
  • 3.2k+

2021-nji ýyldan Samsung Display günorta koreý kompaniýasy suwuk kristally LCD displeýleriniň önümçiligini bes eder. Bu barada kompaniýanyň wekillerine salgylanmak bilen Regnum informasion agentligi we internet neşiri habar berýär.
Olaryň aýtmagyna görä, kompaniýanyň girdejisini we bazarda bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak üçin, kompaniýa önümçiliginde Quantum Dot (QD) tehnologiýalary ulanylýan displeýleriň çykarylmagyna ünsi gönükdirmeli.
Önümiň bu görnüşiniň 2020-nji ýylyň ahyryna çenli önümçiligini bes etmelidigi baradaky çözgüt suwuk kristally ekranlara we smartfonlara bolan islegiň pese gaçmagy esasynda kabul edildi. Ýedinji we sekizinji nesliň LCD displeýleriniň önümçiliginiň üstümizdäki ýylyň dördünji çärýeginde tamamlanjakdygy bellenilip geçilýär. Häzirki wagtda Samsung-yň LCD-monitorlaryny Hytaýda iki fabrika we Koreýada-da iki fabrika öndürýär.
Öň, 18-nji martda kompaniýanyň wekilleri 2025-nji ýyla çenli kwant nokatly (QD) telewizorlaryň önümçiligine we olaryň ösdürilmegine 13 trln won (~$10,6 mlrd) maýa goýulmalydygyny habar berdiler.
Kwant nokatlary – bu toguň ýa-da çyranyň täsiri astynda ýalpyldaýan kristallar. Käbir derňewçiler kwant nokatly displeýleriň LCD displeýleri bilen deňeşdirilende bäş esse energiýany az sarp edýändigini, OLED displeýleri bilen deňeşdirilende köp wagtlap hyzmat edýändigini belleýärler. Kwant nokatlarynyň tehnologiýasy Samsung we Nanoco britan kompaniýasy bilen bilelikde işlenilip düzüldi. Britan kompaniýasy 2020-nji ýylyň fewralynda Samsung kompaniýasyny tehnologiýany hyzmatdaşyna hiç hili duýdurmazdan kompaniýanyň öz telewizorlarynda ulanmagynda aýyplap, ony kazyýete berdi.

düýn 23:23
385

Warner Bros. Discovery $2,92 mlrd ýitgi çekdi

Warner Bros. Discovery (WBD) kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi boýunça 2,92 milliard dollar möçberinde ýitgi çekendigi barada hasabat berdi. Ýitgileriň esasy bölegi Netflix bilen şertnamany ýatyrmak......

düýn 18:18
639

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......

10.05.2026 19:42
1.5k+

LEGO «Harri Potteriň» 25 ýyllygyna sekiz sany täze toplum çykarar

LEGO kompaniýasy «Harri Potter» franşizasy boýunça seriýanyň 25 ýyllygyna bagyşlanan sekiz sany täze toplumyň çykaryljakdygyny yglan etdi. Ilkinji bäş toplum 1-nji iýunda, galan üçüsi bolsa 1-nji awgustda......

10.05.2026 18:57
9.8k+

Gazagystanly milliarder baýlygynyň ýarysyny haýyr-sahawata berýär

2026-njy ýylyň aprelinde gazagystanly telekeçi, BI Group kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri Aýdyn Rahimbaýew we onuň aýaly Anar resmi taýdan «The Giving Pledge» halkara başlangyjyna goşuldylar. Bu başlangyç......