Apple iPhone 11-iň komponentlerine sargydy azaldýar, iPhone 12 soňa goýulýar

  • 30.03.2020 14:12
  • 6.9k+

iXBT portalynyň habar bermegine görä, kompaniýa toplumlaýyn sargytlaryň göwrümini geçen ýyl bilen deňeşdirilende 18% peseltdi. Şeýle-de iPhone 12-niň anonsynyň adaty möhletlerde sentýabryň ortalarynda ýa-da ahyrynda geçirilmeginiň mümkindigine garamazdan, ony çykarmak işini soňa goýdy.
Habar berlişine görä, kärhanasy Wýetnamda ýerleşýän iPhone üçin ekranlary ýola goýujy ilkibaşda 70 million ekrana sargyt aldy, indi bolsa bu göwrüm 58 milliona çenli azaldyldy. Malaýziýadan komponentleri başga bir ýola goýujy bu ýagdaýy “günde üýtgäp durýan” ýaly häsiýetlendirdi.
Apple üçin önümleri taýýarlamaga gatnaşýan kompaniýalaryň resmi wekilleri ähli önümçilik meseleleriniň çözülendigini, toplumlaýyn sargytlaryň bolsa azaldylmandygyny aýdýarlar. Kompaniýalardaky resmi däl çeşmeler täze iPhone-a bolan islegleriň koronawirus epidemiýasy zerarly garaşylýanyndan hem pes boljakdygyny belleýärler.

düýn 20:25
2.1k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......