ABŞ-nyň hökümeti Huawei üçin täze çäklendirmeleri oýlap tapdy

  • 30.03.2020 13:22
  • 3.2k+

ABŞ-nyň hökümeti Huawei üçin täze çäklendirmeleri oýlap tapdy. Bu kompaniýa üçin mikroshemalary satyn alma işlerini kynlaşdyrar, diýip Reýter agentligine salgylanmak bilen ferra.ru habar berýär.
Geçen ýylyň maýynda ABŞ-nyň söwda ministrligi Huawei “gara sanawa” girizdi. Amerikanyň ýörite gulluklary Huawei onuň öz önümlerine yzarlaýjy “gurluşlary” oturýandygy bilen aýypladylar. Şondan bäri amerikan kompaniýasy hytaý öndürijileri bilen biznes alyp barmakda çäklendirilendir. Reýter agentligi prezident Trampyň edara wekilleriniň Huawei üçin mikroshemalaryň global üpjünçiligini çäklendirmek boýunça goşmaça çäreleri girizmek barada gürleşendiklerini habar berýär. 
Täze düzgünlere laýyklykda, mikroshemalary döretmek üçin amerikan enjamlaryny ulanýan daşary ýurt kompaniýalary ilki bilen Amerikanyň ygtyýarnamasyny almaly we diňe şondan soň özleriniň önümlerini Huawei üçin ýola goýup bilerler.
Munuň erbet tarapy hem bar. ABŞ daşary ýurtlardan edilýän eksporta gözegçilik boýunça özüniň wekilçiligini giňelder. Bu bolsa ýurduň hyzmatdaşlarynda ýaramazlyklary döredip biler, şonuň üçin heniz Trampyň bu teklibi kabul etjekdigi ýa-da däldigi belli däl. Ýöne çeşmeleriň aýtmagyna görä, eger-de bu teklip tassyklanylsa, diňe bir Huawei bilen TSMC kompaniýalary däl-de, eýsem käbir amerikan kompaniýalary hem ýitgi çeker. Muňa garamazdan, ABŞ täze düzgünleriň ýurduň senagatyna minimal täsir etmegi üçin ähli mümkin bolan zatlary eder.
Geçen ýyl Everbright Securities hytaý neşiri tarapyndan neşir edilen maglumatlara laýyklykda, KLA Corp, Lam Research we Applied Materials ýaly amerikan kompaniýalary hem Huawei kompaniýasyna özleriniň hyzmatlaryny hödürlemek mümkinçiliginden mahrum edilip bilner.  

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......